Dana şahyryň döredijilik taglymaty

Halkymyzyň mertebesini arşa göteren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň gymmaty ýyl-ýyldan has-da artýar.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldar şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmäge we dabaralandyrmaga gönükdirilen beýik işleriniň netijesinde Magtymguly Pyragynyň at-owazasy dünýä ýaýylýar. Çünki akyldar şahyrymyzyň eserlerinde öňe süren pikirdir garaýyşlary, öwüt-ündewleri ähli halklar we döwürler üçin örän uly ähmiýete eýedir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu barada Ýaşlar Watanyň daýanjy atly kitabynda: Magtymguly taryhy köklerden, milli däp-dessurlardan aýagyňy üzmän, döwrüň täzeçilliklerine, belent ösüşlerine uýup ýaşamakdyr diýip belleýär.

Bu hakykaty Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilmeginde hem görmek bolýar.Beýik söz ussadynyň şygyrlary diňe türkmen halkynyň edebiýaty däl-de, eýsem, türki dilli edebiýat üçin hem täze bir edebi mekdep bolup durýar.

Muny Magtymguly atamyzyň saýlanan eserleriniň dürli ýyllarda birnäçe türki dillerde, ýaňy-ýakynda bolsa gyrgyz dilinde neşir edilmegi hem subut edýär.Umumadamzat şahyryna öwrülen Magtymguly Pyragynyň şahsyýetini dolulygyna açyp görkezmekde milli Liderimiziň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly şygry uly ähmiýete eýedir.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Magtymguly atamyzyň ömrüni we döredijiligini içgin öwrenip, ylmy işleri çap etmek, şygyrlaryny daşary ýurt dillerine terjime etmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle-de beýik söz ussadynyň watançylyk baradaky milli pelsepesini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, dokumental hem-de çeper filmleri döretmek, teleradioýaýlymlarda gepleşikleri taýýarlamak, gazet-žurnallarda makalalary çap etmek işlerine aýratyn üns berilýär.

Magtymguly Pyragy ýurdumyz bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky dost-doganlygyň hem berkidilmegine uly goşant goşýar.Gözbaşy asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen-gazak dost-doganlyk gatnaşyklary häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolýar. Ýakynda 4-nji iýulda Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejeli sammitine hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemeginde ýene-de bir täze sahypa açyldy.

Şu ýylyň maý aýynda paýtagtymyzdaky Ýyldyz myhmanhanasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat geçirildi.Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň esasy çäreleriniň birine öwrülen foruma abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue, daşary ýurtlaryň birnäçesinden, şol sanda Azerbaýjandan, Gruziýadan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Hindistandan, Eýrandan, Katardan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan wekiliýetler gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen bagly mowzuk döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşynda hem beýan edildi.Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem, tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar. Şonda döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşyny beýik Magtymgulynyň Adamzat atly goşgusynyň sözleri bilen tamamlamagy dünýä jemgyýetçiliginde aýratyn gyzyklanma döretdi.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli belentligi 60 metre ýetýän ägirt uly heýkeliň we dana şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berilmegi hem halkymyz üçin ýatdan çykmajak taryhy waka boldy.

Akyldar şahyrymyzyň bu heýkeli we Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy häzirki wagtda paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň iň köp gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.

Röwşen GARAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.

Ýene degişli makalalar

DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Marokkoda ICESCO-nyň meýdançasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçirildi
Ylym-bilimde ýol-ýörelge, Arkadagyň eserleri
Binali Ýyldyryma, Klaus Parhofere “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” medallary gowşuryldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini ýubileý medaly bilen gutlady