Daluw kompaniýasy Türkmenistanda fransuz öndürijisiniň Schneider Electric elektrik enjamlaryny hödürleýär

Daluw kompaniýasy Türkmenistanda fransuz öndürijisiniň Schneider Electric elektrik enjamlaryny hödürleýär

Daluw kompaniýasy Türkmenistanyň bazaryny Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy öndürijileriniň ýyladyş ulgamlary we elektrik enjamlary bilen üpjün etmek boýunça giň hyzmatlar toplumyny ýetirýär.

Fransiýanyň Schneider Electric kompaniýasynyň resmi paýlaýjysy bolmak bilen, Daluw häzirki wagta çenli Türkmenistanyň kärhanalaryna we ýaşaýyş toplumlaryna enjamlary üpjün etmegi gurady.

Daluw kompaniýasy rozetkalaryň, awtomatik tok öçürijileriň, kontaktorlaryň, üznüksiz elektrik üpjünçiliginiň hem-de howpsuzlyk ulgamlarynyň köpdürli görnüşlerini hödürleýär.

Schneider Electric brendiniň önümleri ýokary hili bilen birlikde, özboluşly, ajaýyp dizaýny bilenem tapawutlanýar. Şol sebäpdenem bu önümleri islendik stilde guralan interýere laýyklykda saýlap almak mümkindir.

2010-njy ýylda öz işini ýola goýan Daluw kompaniýasy ýyladyş ulgamlary we elektrik enjamlary üpjün etmekde ýerli bazarda mynasyp ornuny tapmagy başardy. Gysga döwrüň içinde kompaniýa meşhurlyga eýe bolup, türkmen sarp edijileriniň çygrynda ygtybarly hyzmatdaş hem-de ynamdar üpjün ediji hökmünde giňden tanaldy.

Schneider Electric brendiniň elektrik tehniki enjamlaryny şu salgylar arkaly habarlaşyp satyn alyp bilersiňiz: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), 23-nji jaý, Myratly Gadam binasy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 64) 70 33 39;

Elektron poçtasynyň salgysy: market@daluw.biz

Resmi web saýty: daluw.biz

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi
Daluw kompaniýasy Fondital brendiniň tygşytly we täsirli ýyladyş hem-de suw ýyladyjy ulgamlaryny hödürleýär
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparynyň wekillerini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparynyň wekillerini kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow amerikaly işewürleri kabul etdi
“Daluw” kompaniýasy “Schneider Electric” brendiniň önümlerini hödürleýär