Daluw kompaniýasy Fondital brendiniň tygşytly we täsirli ýyladyş hem-de suw ýyladyjy ulgamlaryny hödürleýär

Daluw kompaniýasy Fondital brendiniň tygşytly we täsirli ýyladyş hem-de suw ýyladyjy ulgamlaryny hödürleýär

Italiýanyň Fondital brendiniň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy bolan Daluw kompaniýasy tygşytly we täsirli ýyladyş enjamlaryny alyjylaryň dykgatyna ýetirýär.

Fondital kompaniýasy ýokary hilli ýyladyş radiatorlaryny hem-de ýyladyjy peçleri öndürýär. Öndüriji-kompaniýa radiatorlara 10 ýyla çenli, ýyladyjy peçler üçin bolsa 2 ýyla çenli kepillik berýär.

Giňden peýdalanylýan Fondital radiatorlary ýokary derejede ýylylyk berijiligi, ajaýyp daşky görnüşi, şeýle hem berkligi we gurnamasynyň ýeňilligi bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, otagyň giňişligine baglylykda, radiatoryň bölümleriniň sanyny sazlamak mümkindir.

Daluw kompaniýasy özüniň 12 ýyllyk taryhynda Türkmenistanyň bazarynda elektrik enjamlary we ýyladyş ulgamlaryny üpjün etmekde öňdebaryjy kärhanalaryň birine öwrüldi. Fondital brendi bilen birlikde, türkmen kompaniýasy Schneider Electric, Ariston we Grundfos ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy brendleriniň hem Türkmenistandaky resmi wekili bolup durýar.

Fondital ýyladyş enjamlaryny şu salgydan satyn alyp bolýar: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), 23-nji jaý, Myratly Gadam binasy.

Habarlaşmak üçin salgylar:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Daluw kärhanasy Türkmenistanda Ýewropanyň ýokary hilli ýyladyş pollaryny gurnap berýär
Çeşme: daşary ýurda barýan her uçardan onlarça adam düşürilýär
Kepillik, raýat aktiwliginden gaça durmak. Türkmen häkimiýetleri ýurduň daşyna gidýän raýatlardan talabyny pugtalandyrýarlar
Türkmen häkimiýetleri ýurduň daşyna gidýän raýatlardan talaplary pugtalandyrýarlar
Britaniýada Azyk Ýetmezçiliginde Ejir Çekýän Çagalaryň Sany Artýar
Türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmak üçin pasport we wiza almak şertleri kynlaşýar