Daluw kärhanasy Türkmenistanda Ýewropanyň ýokary hilli ýyladyş pollaryny gurnap berýär

Daluw kärhanasy Türkmenistanda Ýewropanyň ýokary hilli ýyladyş pollaryny gurnap berýär

Abatlaýyş we gurluşyk işlerine köpçülikleýin girişilmegi bilen, Daluw kärhanasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Çehiýanyň ýokary hilli Fenix öndürijisiniň ýylylyk pollaryny gurnamak işlerini hödürleýär.

Fenix kompaniýasynyň elektrik ýyladyjy ulgamlarynyň köp dürli görnüşleriniň hatarynda ýyladyjy matlar, plýonkalar we kabeller, şeýle-de olaryň goşmaça enjamlary hödürlenýär.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda sarp edijileriniň aglabasy Fenix brendine uly isleg bildirýärler. Adamlar bu öý ýyladyş ulgamlaryny ygtybarlylygy, ýokary hili, tygşytlylygy, şonuň bilen birlikde hem uzak möhlete hyzmat edýändigi üçin ýokary bahalandyrma mynasyp hasap edýärler. Fenix önümleri üçin türkmenistanlylara 10 ýyllyk kepillik üpjün edilýär.

Fenix ýyly pol örtükleri ýörite niýetlenen beton gurnamalaryny talap etmeýär. Ýyladyş ulgamyny diňe plita ýelimini ulanmak arkaly poluň aşagyna ýerleşdirmek bolýar.

Ýeri gelende bellesek, Daluw kärhanasy Fenix kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysydyr. Elektrik ýylylyk örtüklerini Aşgabat şäherinde şu salgylardan almak bolýar: G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), 23-nji jaý, Myratly Gadam binasy.

Alyjylaryň islegine görä, Daluw kompaniýasynyň tejribeli ussalary ýyladyş örtüklerini zerur bolan salga gurnap bermek işlerini hem ýerine ýetirýärler.

Häzirki wagtda Daluw kärhanasynyň elektrik enjamlary hem-de elektrik ýyladyş pol örtüklerini hödürlemekde Türkmenistanda öňdebaryjy kärhanalaryň biridigini ýatlap geçmek gerek. Ýurduň içerki bazarynda Daluw kärhanasy Ýewropanyň Schneider Electric, Ariston, Fondital we Grundfos ýaly meşhur kompaniýalaryna wekilçilik edýär.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Daluw kompaniýasy Fondital brendiniň tygşytly we täsirli ýyladyş hem-de suw ýyladyjy ulgamlaryny hödürleýär
Trendýol Super Liganyň 29-njy hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 28-nji hepdesi tamamlandy
Eýranda Ýer Titredi
Trendýol Super Liganyň 27-nji hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 26-njy hepdesi tamamlandy