15-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy.
12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň, şeýle-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy.
Okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly 26-njy awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.
Bu möhüm möwsümiň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda Buýruga hem gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Döwlet toparyna 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.
Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.
Dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsüminiň eýýäm ilkinji gününden başlap işjeň häsiýete eýe bolandygyny bellemek gerek.Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň täze bilimleri, hünär ussatlygyny ele almaga, ýurdumyzyň intellektual we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga goşant goşmaga çalyşýandyklaryny tassyklaýar.
Bu möwsümiň öňüsyrasynda ýaşlaryň, mekdep uçurymlarynyň arasynda köpçülikleýin wagyz-düşündiriş işleriniň geçirilendigini, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine, olarda geçirilen Açyk gapylar günlerine bagyşlanan ýörite telegepleşikleriň görkezilendigini, makalalaryň çap edilendigini bellemek gerek.
2024-nji ýylda Türkmenistanda jemi 15926 (şol sanda hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça 15303, magistr maksatnamasy boýunça 623) dalaşgäri talyplyga kabul etmek meýilleşdirilip, ol geçen ýyldakydan 303 (hünärmen we bakalawr maksatnamasy boýunça 104, magistr maksatnamasy boýunça 199) adam köpdür.
Bellenilişi ýaly, munuň özi ýurtda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň netijesinde ýaşlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň ýene bir aýdyň güwäsidir.
Türkmenistanda täze okuw ýylyndan başlap, ýurdumyzyň barha ösýän ykdysady kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça hünärmen zerurlygyny nazara alyp, birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy.Hususan-da, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde magistr maksatnamasy boýunça oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, zootehniýa; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), bakalawr maksatnamasy boýunça ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa); Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak, seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça halkara söwda; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça uçuş apparatlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulanylyşy, howa gämileriniň awiasiýa we radioelektron enjamlarynyň tehniki ulanylyşy; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy boýunça halkara arbitraž we işewürlik hukugy; Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa magistr maksatnamasy boýunça medeniýeti öwreniş ugurlary (hünärleri) açyldy.
Umuman alanyňda, geljek okuw ýylyndan başlap, agzalan ýokary okuw mekdeplerinde 13 sany täze ugur boýunça ýokary hünärli işgärler taýýarlanmaga başlanar.
Hormatly Prezidentimiziň okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda edýän taýsyz tagallasy bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilime bolan hyjuwyny has artdyrýar. Munuň şeýledigine talyp bolmagy ýüreginde besläp, şu günler resminamalaryny tabşyrýan dalaşgärleri synlanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda ýaşlaryň ylymlar dünýäsine gadam basmagy, olaryň talyp bolmak bagtyna eýe bolmagy babatynda döwletimizde uly işler alnyp barylýar.
Orta mekdebi tamamlan uçurymyň esasy maksady hünär saýlamak, döwrebap bilim-terbiýe almak, saýlan hünäriniň eýesi bolmak bolup durýar. Her bir ýaş nesliň kalbynda beslän ilkinji arzuwlarynyň biri hem ýokary okuw mekdebinde okuwyny dowam etdirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtly talyby bolmakdyr. Talyp bolmagy arzuwlaýan dalaşgärleriň ählisine uly üstünlikleri arzuw edýäris.