Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Gämi sürmeklik.

2. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy.

3. Senagat we raýat jaý gurluşygy.

4. Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary.

5. Iş kagyzlarynyň dolanşygyny guramak we arhiw işi.

6. Kompýuter ulgamlarynda programmirlemek.

7. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.

8. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.

9. Maglumatlary goramagyň guralyşy we tehnologiýasy.

10. Logistikada operasion işi.

11. Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak.

12. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.

13. Gämi gurluşygy we abatlaýyş.

Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2-2,5 ýyl.

Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat şäheri) 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 22-23-i, 25-i we 26-sy günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünär: iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi — türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; logistikada operasion işi — matematika, jemgyýeti öwreniş we Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: maglumatlary goramagyň guralyşy we tehnologiýasy; kompýuter ulgamlarynda programmirlemek — informatika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

beýleki hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Gurbansoltan eje köçesi, 21, tel.: 7-44-52, 3-63-63.

Ýene degişli makalalar

Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: Türkmennebit döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi
Dünýä Ulag Hyzmatlary oba hojalygy pudagynda tohumlar, tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edýär
Demirgazyk—Günorta ulag geçelgesinde eksport-import ýükleri üçin nyrhlar arzanlady
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherinden Aşgabada dolanyp geldi, 2024-nji ýylda Gyrgyzystan Türkmenistandan 1,7 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär we beýleki habarlar