Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Logistikada operasion işi.

2. Kompýuter torlary.

3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.

4. Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary.

5. Telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy.

6. Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary.

Politehniki orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl.

Politehniki orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy (dalaşgärler Aşgabat şäherindäki 5-nji saglyk öýünden geçýärler);

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 22-23-i, 25-i we 26-sy günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan Bilim hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Esgerler köçesi, 68 jaý, tel.: 34-58-00, 34-13-14, 34-19-55.

Ýene degişli makalalar

Ulag diplomatiýasy durnukly ykdysady ösüşiň aýdyň ýoly atly maslahat geçirildi
Aragatnaşykçy ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlaryna mynasyp boldular
3D printerleriň önümçiligi 30 esse artar
Fransiýanyň täze Premýer-ministri
Ispaniýada koronawirusa garşy göreşmek üçin akylly äýnek döredildi
Daşary ýurt metbugatyna syn