Dalaşgär 2024: Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Býujet esasynda:

1. Ylmyň we tehnologiýanyň maglumat üpjünçiligi.

2. Medeniýet öýünde režissýorlyk.

3. Aktýorlyk sungaty.

4. Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi.

5. Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak.

6. Ses we yşyk bilen bezemek.

7. Teatr-bezeg sungaty (grim).

II. Tölegli esasda:

1. Çagalar okaýşyny guramak.

2. Kitaphanaçylyk işi.

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

—bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

—bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

—bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

—Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

—soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

—3×4 sm. ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

—işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

—okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

—harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

-hünärler: çagalar okaýşyny guramak; kitaphanaçylyk işi; iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi; muzeý işi we ýadygärlikleri goramak; ylmyň we tehnologiýanyň maglumat üpjünçiligi — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, saýlanan hünäriň soraglary boýunça söhbetdeşlik;

-hünärler: medeniýet öýünde režissýorlyk; aktýorçylyk sungaty; teatr-bezeg sungaty (grim); ses we yşyk bilen bezemek — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň salgysy:

Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 4, tel.: 27-21-22, 27-20-50.

Ýene degişli makalalar

Dalaşgär 2024: Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi
Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi
Dalaşgär 2024: Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebi
Dalaşgär 2024/magistr: Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instituty
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi
Dalaşgär 2024: Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky Ýörite sungat mekdebi