Dalaşgär 2024: Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

Býujet esasynda:

1. Şepagatçylyk işi.

2. Laboratoriýa anyklaýyş işi.

3. Fizioterapiýa we dikeldiş işi

4. Saglygy goraýyş-öňüni alyş işi.

5. Farmasiýa.

6.Bejeriş işi.

Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine Arkadag şäherinde we Ahal welaýatynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Arkadag şäherinde (Arkadag şäheri we Ahal welaýaty boýunça) 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

—pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçiligi çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 31-i – awgust aýynyň 1-i, 3-4-i we 6-sy günlerinde Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde (Arkadag şäheri) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyşdyrylar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, jaý 22. Tel-57-20-21, 57-20-22.

Ýene degişli makalalar

Dalaşgär 2024: Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi
AMAN GULMÄMMEDOW MILLI TEATR SUNGATYNY ESASLANDYRYJY
Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek işleri dowam edýär
Arkadag şäheriniň okuw mekdepleri ilkinji gezek talyp kabul edýär
Arkadag şäheri biziň buýsanjymyz
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy