Dalaşgär 2024: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi 2024-2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek.

1. Agronomçylyk.

2. Gidromeliorasiýa.

3. Weterinar lukmançylygy.

4. Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy.

5. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary (oba hojalygynda).

6. Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy (oba hojalygynda).

7. Maglumat ulgamlary we programmirlemek (oba hojalygynda).

8. Ýer gurluşygy we kadastrlar.

9. Azyk önümçiliginiň tehnologiýasy.

10. Dokmaçylyk we ýeňil senagat önümçiliginiň tehnologiýasy.

11. Iş kagyzlarynyň dolanşygyny guramak we arhiw işi.

12. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl.

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly – 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

—okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

—harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat şäheri) 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 22-23-i, 25-i we 26-sy günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersler boýunça geçirilýär:

hünärler: agronomçylyk; weterinar lukmançylygy; azyk önümçiliginiň tehnologiýasy – biologiýa, himiýa,Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: dokmaçylyk we ýeňil senagat önümçiliginiň tehnologiýasy; tikin önümçiliginiň tehnologiýasy — himiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary (oba hojalygynda); maglumat ulgamlary we programmirlemek (oba hojalygynda); ýer gurluşygy we kadastrlar; gidromeliorasiýa; iş kagyzlarynyň dolanşygyny guramak we arhiw işi — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— soňky 23 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;

— Bilim hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:

Türkmenabat ş., Zelili köçesi, 1a, tel.: 9-88-12, 9-89-56, 9-87-71.

Ýene degişli makalalar

Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024/magistr: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi
Ýokary okuw jaýyna giriş synaglaryny şowsuz tabşyran ýaşlar öz tejribelerini paýlaşýar