Dalaşgär 2024: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek.

Buhgalterçilik hasaba alnyşy (oba hojalygynda).

Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalygynda).

Gidromeliorasiýa.

Weterinar lukmançylygy.

Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary (oba hojalygynda).

Maglumat ulgamlary we programmirlemek (oba hojalygynda).

Oba hojalyk önümlerini öndürmegiň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.

Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy .

Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.

Çörek, süýji we unaş önümleriniň tehnologiýasy.

Turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy.

Ösümlikleri goramak.

Agrohimiýa.

Ýer gurluşygy we kadastrlar.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-njy ýylyň 15-nji iýulyndan 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

—okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

—harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) 2024-njy ýylyň awgust aýynyň 22-23-i, 25-i we 26-sy günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

hünärler: dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy; pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy — himiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy (oba hojalygynda) — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: çörek, süýji we unaş önümleriniň tehnologiýasy; turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy; oba hojalyk önümlerini öndürmegiň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy; ösümlikleri goramak; weterinar lukmançylygy; agrohimiýa — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: ýer gurluşygy we kadastrlar; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; maglumat ulgamlary we programmirlemek (oba hojalygynda); ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary (oba hojalygynda) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— soňky 23 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;

— Bilim hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk etr, 2070 (Tähran) köçe, 6; tel.: 34-91-24, faks:34-91-79.

Ýene degişli makalalar

Gamyş pişigi
Dalaşgär 2024: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi
16.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Ylym we bilim
Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär
14.11.2019 | Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär
GDA ýurtlarynyň alymlary we oba hojalyk bilermenleri Türkmenistanyň gallaçylyk pudagynda gazananlaryny bellediler