Dalaşgär 2024: Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebi

Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I.Býujet esasynda:

1.Türkmen milli saz gurallary.

2.Kirişli saz gurallary.

3.Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary.

4.Sazyň taryhy we nazaryýeti.

5.Fortepiano.

6.Halk saz gurallary.

II.Tölegli esasda:

1.Aýdym atmak sungaty (wokal).

2.Bagşyçylyk sungaty.

3.Hor dirižýorlygy.

4.Saz mugallymçylygy.

5.Horeografiýa sungaty.

Ýörite sazçylyk mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Ýörite sazçylyk mekdebiniň horeografiýa sungaty hünärine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatyny, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerini tamamlan ýa-da döredijilik we tans toparlarynda tansçy bolup azyndan 1 ýyl işlän ýa-da olarda çykyş eden oglan-gyzlar kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Mary şäherinde 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

—bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

—bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

—bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

—sazçylyk bilimi barada resminama (asyl nusgasy);

—Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

—soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

—3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

—işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

—okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

—pasportyny;

—harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde (Mary şäheri) 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

– hünär: sazyň taryhy we nazaryýeti — hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

– hünär: horeografiýa sungaty, aýdym aýtmak sungaty (wokal) — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;

– beýleki hünärler — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy.

Giriş synaglary sungat mekdepleriniň, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça bolsa orta mekdepleriň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň salgysy: Mary ş., S.Nyýazow köçesi, 25, tel.: 6-78-92, 6-91-70.

Ýene degişli makalalar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi
Dalaşgär 2024: Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi
Dalaşgär 2024: Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi
Dalaşgär 2024: Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky Ýörite sungat mekdebi
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi