Dalaşgär 2024/magistr: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2024/2025-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy).

2. Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlygyň ugry: zootehniýa).

Okuwlar tölegli esasda amala aşyrylýar.

Uniwersitete ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synagynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň tassyklanan göçürmeleri ýa-da asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýarlar:

—pasportyny;

—harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 14-15-nji awgustynda geçirilýär.

Giriş synaglary degişli taýýarlygyň ugurlary boýunça ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda döwlet dilinde geçirilýär.

Bellenen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., 2009njy (Görogly) köçe, 143, tel.: 342746, 340777, 342564.

Ýene degişli makalalar

Dalaşgär 2024: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi
S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024/magistr: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Dalaşgär 2024/magistr: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti