Bangladeşiň paýtagty Dakkadaky bazarda ýangyn döredi, netijede, 100-den gowrak dükan ýandy diýip, Habar 24 ýazýar. Ýangynyň ir säherde, heniz bazar işläp başlamanka ýüze çykandygy sebäpli, pida bolanlardyr ejir çekenler ýok.
Halas edijilere ýangyny söndürmek üçin 6 sagat gerek boldy. Ýangyna elektrik üpjünçiliginde dörän näsazlyk sebäp boldy.
Bangladeşde işewürlik merkezlerinde howpsuzlygyň düzgünleriniň berjaý edilmeýändig sebäpli ýangyn häli-şindi döreýär diýlip, habarda aýdylýar.