Dagystandaky hüjümlerde ýogalan adamlaryň sany artdy

Dagystandaky hüjümlerde ýogalan adamlaryň sany artdy

Mawsum Ragimow Telegram kanalyndan Mahaçkala we Derbent şäherlerinde 23-nji iýunda polisiýa merkezine, sinagoga we iki buthana guralan hüjümler bilen bagly: "Düýn gije ýene-de bir polisiýa işgäri ýogaldy. Terror howpuna garşy göreşýän mahaly öz ýakynlaryna we ýurduna galkan bolmakdan gorkmady. Maşgalasyna, ýakynlaryna we dostlaryna çuňňur gynanç bildirýärin" diýip belledi.

Russiýanyň içeri işler ministrligi ýekşenbe güni Mahaçkala we Derbent şäherlerinde şahsyýetleri näbelli bolan adamlar tarapyndan hüjümler guralandygyny habar beripdi.

Polisiýa merkezine, sinagoga we iki buthana guralan hüjümde polisiýa gullugynyň 15 işgäri we asuda ilatdan 5 adam jemi 20 adamyň ýogalandygy, 5 hüjümçiniň hem öldürilendigi mälim edilipdi.

Russiýanyň metbugatynda berilen habarlarda hüjümçileriň ikisiniň Dagystanyň Sergokalinskiý sebitiniň ýolbaşçysy Magomed Omarowyň ogullary bolandygy öňe sürülipdi.

Magomed Omarowyň hüjümden soň göz tussaglygyna alynandygy we wezipesinden çetleşdirilendigi habar berilipdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Dagystan Awtanomiýasynda Guralan Hüjüm Sebäpli 1 Adam Tussag Edildi
Uçar Heläkçiliginden 32 Adam Halas Boldy
Dagystanda Guralan Hüjümde 7 Adam Ýogaldy
Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolan terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi
Erdogan Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Dostluk deňziniň ornuna harbylaşdyrylan suw howdany. Rus harbylary Hazar deňzini nähili peýdalanýar?