Dagystanda kaspiý düwleni üçin dikeldiş merkezini açmakçy bolýarlar

Dagystanda kaspiý düwleni üçin dikeldiş merkezini açmakçy bolýarlar

Ekologik başlangyçylary goldamak we ösdürmek boýunça Kompas gaznasy Dagystanyň döwlet uniwersitetiniň Ekologiýa we durnukly ösüş instituty bilen bilelikde kaspiý düwlenini goramak boýunça toplumlaýyn maksatnamany döretmekçi bolýar. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan Report.az ýazýar.

Deňiz jandarlaryny halas etmek ugrunda çäreleriň biri olaryň saglygyny dikeldiş merkezini açmakdyr diýlip, gaznanyň metbugat gullugy habar berdi.

Ekologlar we alymlaryň işläp düzen bu maksatnamasynda Gyzyl kitaba girizilen jandaryň sanynyň kemelmeginiň öňüni almak meýilleşdirilýär, sebäbi düwlenler Kasipý deňziniň ekoulgamynda möhüm orny eýeleýärler. Taslamanyň çäginde şeýle-de keselli we balykçylaryň toruna düşüp ýaralanan düwlenler üçin dikeldiş merkezini döretmekçi bolýarlar.

Maksatnamany amala aşyrmak üçin ýerli balykçylarydyr meýletinçi talyplar işe çekiler. Ylmy - barlag işleri geljek ýylyň ýanwarynda başlanar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Halkara Hazar Sanly Forumyna gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolup geçen ýaragly hüjüm zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistan Dagystanda geçiriljek sanly ulgam boýunça foruma çagyrylýar
Erdogan Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Dagystandaky hüjümlerde ýogalan adamlaryň sany artdy
Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolan terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi
Dagystanda Guralan Hüjümde 7 Adam Ýogaldy