Daglarda türkmen ösümlikler dünýäsiniň üýtgeşik wekili—ýabany orhideýalar gülledi

Köpetdag ofrisi 1982-nji ýylda Sumbar jülgesine goşulýan Aýdere we Pordere derelerinde tapyldy we ýazylyp beýan edildi. Şol döwrüň gerbariý nusgalary Sankt-Peterburga iberildi we olar bir ýerlere ýitirim boldy. Şonuň üçinem ýaňy-ýakyna çenli dünýä hünärmenleri bu görnüşi orhidler boýunça ykrar etmeýärdiler.

Ösümligiň ykbalyny alymlaryň 2015-nji ýylyň baharynda Porderä sapary çözdi, deräniň aýagy deňiz derejesinden 1000 metr ýokarda ýerleşýär.Ol beýik dag ulgamlary bilen gabalan kert gaýaly ürgün toprakly, adaty badamyň iri görnüşleri, ýassykşekil kserofitli we ösgün otly inçe zolakdyr.

Aşakda tikenekli we özboluşly Turnefor gundeliýasynyň jeňňelligi bar.Derýajyklaryň etegi bilen ýokaryk çykýan ýoda çynarly, hozly, dürli ösümlikli pes gaýalardan aşyp gidýärdi.Jülge gözelligi, kiçeňräk şaglawuklary bilen seni haýrana goýýar.

Bu ýerde çyglygy halaýan däneli ösümlikler we ýylaklar kän.Olaryň birinde äpet çynarlaryň astynda giň ýaýran we zakaspi ofrisi diýlip tanalýan gülden has tapawutlanýan gülläp oturan orhideýalaryň dördüsine gabat gelindi.

Olar birnäçe gezek surata alyndy, biri bolsa gerbariý edildi.

Fotosuratlar orhidler boýunça hünärmenlere ugradyldy.Tiz wagtdan “Ýewropa orhideýalary” diýen nemes žurnalynda finlýandiýaly we gollandiýaly hünärmenler bilen bilelikde türkmen botanikaçylarynyň taýýarlan makalasy çap edildi.Onda ýabany orhideýanyň täze görnüşi- köpetdag ofrisi bilen tanyşdyryldy.

Bu görnüşiň özboluşly derejesi resmi taýdan ykrar edildi.Geçen ýyl Porderä täzeden sapara gidilende onuň täze populýasiýasyna gabat gelindi, indi olaryň sany 150-ä ýetipdi.Türkmen botanikaçylary ony goralmaly we Gyzyl kitaba girizilmeli çäkli ýerde ösýän ösümlik hasaplaýarlar.

Türkmen ýabany orhideýalarynyň beýleki bir görnüşi bolan zakaspi ofrisi 1916-njy ýylda ýazylyp beýan edildi.Ilkinji gezek ol Sünt dagynyň günorta eňňidinde gabat gelipdi we häzirki wagta çenli ol diňe şu ýere ýaýran hasaplanylýardy.

Emma Günorta-Günbatar Köpetdagdaky soňky ylmy barlaglarda ýabany orhideýalaryň zakaspi görnüşi Parhaýyň ýokarsyndaky Isak dagynyň günorta eňňidinde gabat geldi. Çendir-Sumbar derýaaralygyna degişli Monjukly gerşinde-de bu ösümligiň kiçeňräk populýasiýasy duş geldi. Ösümlik ortadag otly çemenligi, çygly ýeri halaýar.

Iki görnüşem daşyndan, şeýle hem gülleýän we miweleýän döwri gowy tapawutlanýar.Merkezi Aziýa sebitinde ofris diňe Türkmenistanda ösýär.

Alysdaky we aýakýeterden daşdaky ýerlerde hemişe diýen ýaly garaşylmaýan ösümliklere gabat gelinýär. Çuň daş jülgeleri ýaly aýrybaşga ýerler Zeminiň eýýamlaryň üýtgemegi az derejede täsir eden özboluşly ýerleridir. Şonuň netijesinde Köpetdag-Horasan dag çägi Merkezi Aziýa daglarynyň arasynda endemikleriň iň köp ýeri hasaplanylýar—ýerli ösümlik dünýäsiniň 18 göterimi seýrek duşýan ýa-da başga hiç ýerde duşmaýan ösümliklerdir.

Türkmenistanyň orhidleriniň ählisi gadymy girkan ösümlikler dünýäsiniň reliktleriniň hataryna girýär we gadymy eýýamlaryň janly ýadygärlikleri hasaplanylýar.Ofrisleriň populýasiýasy tötänlik däldir, ol Günorta Zakawkaz bilen Günbatar Köpetdagyň jebis flora gatnaşyklary bilen düşündirilýär.

Muny Günbatar Köpetdagda ösýän ösümlikleriň kawkaz görnüşleriniň köplügi hem subut edýär.

Türkmenistanda endemikleriň jemi 400-den gowrak görnüşi hasaba alyndy, olaryň köpüsi daglyk ekoulgamda gabat gelýär.

Ýene degişli makalalar

Gözel Sumbaryň nary
22.06.2019 | Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
Türkmenistanyň günorta-günbatar serhediniň ýaşaýjylary aýy gördüler
Russiýadan getirilen goňur aýyjyk Aşgabat haýwanat bagynda mesgen tutdy
Ahalyň, Balkanyň obalaryny sil aldy
Türkmenistanyň käbir obalarynda sil zerarly telefon aragatnaşygy ýok