Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň çäginde Asuda akym hojalyk jemgyýetine degişli bolan Şir ýag haryt nyşanly çalgy ýaglarynyň önümçiligi öz işine başlady.
Welaýat neşirinde habar berlişi ýaly, önümçilikde mineral we sintetiki ýaglaryň dürli görnüşi öndürilip başlandy. Awtoulaglar, senagat we oba hojalyk tehnikalary üçin niýetlenilen ýaglaryň ilkibaşda 25 görnüşini öndürmek meýilleşdirildi.
Soňy bilen ony iki essä çenli köpeltmek maksat edinilýär. Şir ýag haryt nyşanly önümler dürli ölçegdäki plastik gaplara gaplanylyp, alyjylara hödürlenilýär.
Önümçilikde ulanylýan çig mal Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilýär. Önümleri öndürmekde gerek bolan himiki serişdeler diňe bir ýurduň himiýa pudagyna degişli bolan kärhanalardan däl, eýsem, dünýäniň himiýa serişdelerini öndürýän meşhur kompaniýalaryndan, öňdebaryjy kärhanalaryndan şertnamalaýyn hyzmatdaşlyk esasynda getirilýär.
Bir, bäş, ýigrimi litrlik plastik gaplara gaplanylan ýaglara hyrydarlaryň köp bolmagy Şir ýag haryt nyşanly önümlere islegiň eýýämden uludygyny görkezýär.
Bu ýerde ýylyň dowamynda mineral we sintetiki ýaglaryň 20 müň tonnasynyň öndürilmegine garaşylýar. Soňy bilen bu görkeziji has-da ýokarlanar diýlip, habarda bellenilýär.