Dabarany Keke Palmer alyp barar

Aýdym-saz äleminiň iň abraýly baýraklarynyň biri hasaplanýan “MTV Video Music” baýraklarynyň şu ýylky dabarasyny Keke Palmer alyp barar.Nýu Ýorkda guraljak dabara 30-njy awgustdan 31-nji awgustda geçilýän gije geçiriler.

Aýdymçy, aktrisa, alypbaryjy hökmünde tanalýan Keke Palmeriň dabarany alyp barmagy bizi diýseň begendirýär diýip, “ViacomCBS Media Networks” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryndan Brýus Jillmer belleýär. Ýeri gelende aýtsak, “MTV Video Music” baýraklarynda ýylyň wideosy baýragyna Billie Eilish-iň “Everything I Wanted”, Eminemiň “Godzilla”, Future-iň “Life Is Good”, Leýdi Gaga bilen Ariana Grandeniň “Rain on Me”, Teýlor Swiftiň “The Man” hem-de The Weeknd-iň “Blinding Lights” şekilli aýdymlary dalaşgär görkezilipdi. Ýylyň aýdymy ugry boýunça Doja Cat-iň “Say So”, Billie Eilish-iň “Everything I Wanted”, Leýdi Gaga bilen Ariana Grandeniň “Rain on Me”, Megan Thee Stallion-yň “Savage”, Post Malone-yň “Circles” hem-de Roddy Ricch-iň “The Box” aýdymlary dalaşgärlige hödürlendi. Ýylyň sungat işgäri diýlen ugurda bolsa, Post Malone, Jastin Biber, DaBaby, Leýdi Gaga, Megan Thee Stallion hem-de The Weeknd dagy özara bäsleşer.

Ýene degişli makalalar

37-nji “MTV Video Music” baýraklarynyň ýeňijileri Leýdi Gaga bilen BTS
63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy
Ispaniýanyň futbol ýygyndysy Ýewropanyň çempiony boldy
Çapyksuwar zenan barada täze film
Geçen ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri