1-2-nji noýabr günlerinde Özbegistanyň Daşkent şäherinde Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 85-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Mejlise türkmen wekiliýeti bilen bir hatarda, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, şeýle-de toparyň ýerine ýetiriji düzümleri bolan Amyderýa we Syrderýa suw hojalyk birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda Özbegistany Respublikasynyň suw hojalygy ministri Ş.Hamroýew, Gazagystan Respublikasynyň suw serişdeleri we irrigasiýa ministri Ş.Nurjigitow, Täjigistan Respublikasynyň energetika we suw serişdeleri ministriniň birinji orunbasary J.Şoýimzoda hem-de Türkmenstanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýew dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda suw hojalygy boýunça döwletara hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini kämilleşdirmek boýunça sebitdäki ähli döwletler bilen konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi.
Mejlisde sebitdäki suw serişdelerini netijeli we tygşytly peýdalanmak, Aral deňziniň basseýninde suw üpjünçiligini we ekologiki ýagdaýy gowulamak, 2023-2024-nji ýyllaryň güýz-gyş möwsüminde suwy paýlaşmak boýunça çaklanylýan möçberler ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň jemleri boýunça Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň agzalary Amyderýa we Syrderýa basseýnleri üçin 2023-2024 güýz-gyş möwsüminde suw almagyň çaklanylýan möçberlerini tassykladylar. Şeýle-de toparyň indiki mejlisini 86-njy mejlisini 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Gazagystanda geçirmek boýunça ylalaşdylar.