Çuwaş türkçesi

Çuwaş türkçesi

Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň nobatdaky 22-nji bölümi bilen biz ýene-de siziň bilen birlikde.Gepleşigimiziň öňki bölüminde wengerler bilen türkleriň arasyndaky etniki baglanşygy emele getiren we etniki taýdan öňki wengerler bilen garyndaşdyklary öňe sürülen Başgyrt türkleri, Başgyrt türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Başgyrt türkçesi barada gürrüň beripdik.

Gepleşigimiziň bu günki bölüminde bolsa türk şiweleriň arasynda düşünişmek nukdaýnazaryndan Türkiye türkçesine iň uzak hasaplanýan, emma daşary ýurt däldigi subut edilen Çuwaş türkleri, Çuwaş türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Çuwaş türkçesiniň üstünde durup geçeris.

“Çuwaş” etniki ady köne Bolgar we Tatar türk dillerinde “Çywaş” (Türkiye Türk dilinde ýawaş) görnüşinde bolup, “ýuwaş, kiçi göwünli, parahatçylyk söýüji” manysyny berýär. Özlerini “Çywaş” diýip atlandyrýan Çuwaş türkleriniň gelip çykyşy gadymy döwürlerden gaýdýan hem bolsa, “Çuwaş” adyna ilkinji gezek 1521-nji ýylda Rus ýyl ýazgylarnda gabat gelinipdir we Idil (Wolga) sebitindäki halklary häsiýetlendirmek üçin ulanylypdyr. “Çuwaş” sözi häzirki wagtda Çuwaş türkleriniň etniki şahsyýetini aňladýar.

Çuwaş türkleri häzirki wagtda esasanam Russiýa Federasiýasynyň käbir özbaşdak respublikalaryny we sebitlerini öz içine alýan Idil Ural sebitine degişli Çuwaşystan Özbaşdak Respublikasynda ýaşaýarlar.Bu sebitden başga Tatarystan we Başgyrdystan Özbaşdak Respublikalarynda hem ýaşaýandygy mälim bolan Çuwaş türkleriniň dünýädäki umumy sany takmynan 2 milliona barabardyr. Ýurtlarynyň paýtagtynyň ady käbir çeşmelere görä “suwuň başyndaky şäher”, käbirlerine görä bolsa “Şubaşyň şäheri” manysyny berýän Çuwaşça aýdylyşy bilen Çupaşkar we rusça aýdylyşy bilen Çeboksary şäheridir.

Çuwaş halkynyň gadymy döwürleri barada ýeterlik maglumat ýok, ýöne käbir rowaýatlar we ylmy pikirler bar. Çuwaş türkleriniň arasynda gürrüň berilýän käbir rowaýatlara görä, çuwaş türkleri gadymy döwürde Gara deňziň demirgazyk kenaryndan häzirki ýaşaýan ýerlerine göçüpdirler. Şol sebäpli Çuwaş türkleri goňşularynyň arasynda "Dag halky" diýmegi aňladýan "Kuruk - mari" ady bilen tanalýardy.

Ylmy garaýyşlara görä, Çuwaş türkleriniň hunlar bilen bilelikde gündogardan häzirki ýerlerine göçüp barandyklary öňe sürülýär.Sebäbi Çuwaş türkleri b.e.öňki IV asyrda Orta Aziýadan Idil ýagny Wolga derýasynyň günbataryna göçüp baran bolgarlaryň, ýagny Köne Günbatar Hun türkleriniň nesilleridigi fiziologiki we taryhy derňewleriň netijesinde aýan boldy.

Çuwaş türkleri Idil sebitinde Bolgar döwletiniň häkimiýeti astynda ýaşaýardylar. Şol döwletiň XIII asyryň ilkinji ýarymynda Mongollar tarapyndan dargadylmagyndan soň, Altyn Orda döwletiniň häkimiýeti astyna giren Çuwaş türkleri, XV asyryň başlarynda Altyn Orda döwletiniň dargamagy netijesinde, esaslandyrylan Kazan hanlygynyň (1437) serhetleriniň çäginde ýaşadylar.

Ady agzalan hanlyk Iwan IV ýagny Iwan groznyý tarapyndan 1552-nji ýylda dargadylmagy bilen Çuwaş türkleriniň taryhynda ruslaryň agalyk ediş döwri başlandy.Bu döwür Rus patyşalygynyň dargamagy bilen SSSR, häzirki döwürde bolsa Russiýa Federasiýasyna degişli bolmagy bilen dowam edýär.

Häzirki döwürde 200 milliondan gowrak adam tarapyndan gepleşilýän döwrebap Türk dili ýa-da türk şiweleri, türkologlar we dilçiler tarapyndan geografiki we dil ýörelgelerine laýyklykda Garlyk, Oguz, Gypjak topary, Sibir, Ogur we Argu şahalary hökmünde 6 aýry topara bölünýär. Çuwaş türkçesi, häzirki wagtda diri ýa-da gepleşilýän türk diliniň Ogur şahasynyň ýeke-täk wekili.

Häzirki wagtda Çuwaş türkçesi, rus dili bilen birlikde Çuwaşystan awtonom respublikasynyň resmi dilidir.

Çuwaş türkçesi, ses aýratynlyklary, grammatiki gurluşy we söz baýlygy taýdan türk şiweleriniň arasynda aýratyn orny eýeleýär.Hatda Çuwaş türkçesi bilen beýleki türk şiweleriniň arasynda düşünişmek derejesi örän pesdir. Şol sebäpli, türkologlar Çuwaş türkçesiniň beýleki türk şiweleriniň kökünden gelip çykyp-çykmadygyna göz ýetirmek üçin uzak wagtlap giňişleýin we çuňňur derňewler geçirdiler.

Netijede, Çuwaş türkçesi bilen bagly biri-birinden tapawutly pikirler öňe sürüldi. Şoňa laýyklykda käbir türkologlar Çuwaş türkçesiniň türkçä öwrülen Fin-Ugor dili bolup biljekdigine aýdýan bolsalar, käbir adamlar munuň türk we mongol dilleriniň arasynda köpri bolup hyzmat edýän üçünji dildigini öňe sürýärler.

Türkologlaryň aglabasy bolsa, ses, grammatika we söz baýlygy taýdan örän tapawutly garamazdan Çuwaşyň aýratyn dil däl-de, türk diliniň şiwesi diýen pikiri kabul etdiler.

Prof Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň goşantlary bilen Dr. Said Burkhanidinowa tarapyndan taýarlanan Çuwaş türkleri, Çuwaş türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Çuwaş türkçesiniň üstünde durup geçdik. Nobatdaky bölümde türk şiweleriniň gepleşilýän tapawutly geografiýada duşuşarys.

Ýene degişli makalalar

Tatar Türkçesi - 2
Tatar Türkçesi - 1
Saha Türkçesi - 1
Uýgur Türkçesi
Uýgur Türkçesi - 2
Saha Türkçesi - 2