Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Bagşylar muzeýinde 2024-nji ýylyň 11-nji maýynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýewiň 135 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan aýdym-sazly dabarasy geçiriler.
Magtymguly Garlyýew 1889-njy ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Onbegi obasynda eneden dogulýar. Aýdym-saz äleminde deňi-taýy bolmadyk yz galdyran sungat ussady ilki bilen Kakaly bagşy Çary çepbä şägirt bolýar. Alili tiresinden bolan bu bagşy soň-soňlar il arasynda Alili bagşy hem diýipdirler.
Ykbal meşhur bagşyny gadymy Horezm topragyna alyp gelýär.Ol şol gelşine Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Kürt obasyna gelip şol ýerdäki Atabaý bagşa şägirtlige durýar.Magtymguly Atabaý bagşydan Helalaý-Garyp, Şasenem-Garyp, Saýatly-Hemra, Döwletýar ýaly ençeme dessanlary öwrenipdir.
Soňra ol çowdurlaryň bagşysy Saparbaý somakdan Görogly şadessanynyň birnäçe şahalaryny, Nazar bagadan Hüýrlukga-Hemra, Ýusup-Ahmet ýaly dessanlary öwrenýär.Magtymguly Garlyýew Ahal, Mary heňleri bilen Daşoguzly bagşylaryň aýdyş heňlerini goşup, aýdym-saz sungatynda täze bir ugry ýüze çykarýar.
Oňa bolsa soň-soňlar il arasynda Alili bagşynyň ýoly hem diýýärler.
Halypa bagşynyň ýanynda ilki-ilkiler Haýytguly, Pirnazar, Agamyrat diýen gyjakçylar saz çalypdyrlar. 1926-njy ýylda ussat Sapar Bekiýew bilen duşuşyp tä ömrüniň ahyryna çenli onuň bilen bile tirkeşipdir. Çuwal bagşy Görogly şadessanynyň on şahasyny ýigrimiden gowrak dessany, bäş ýüzden gowrak aýdymy ýatdan bilýär ekeni. 1938-nji ýylda onuň çeken zähmetleri göz öňüne tutulyp oňa Türkmenistanyň at gazanan bagşysy diýen hormatly at dakylýar.
XX asyryň 30-40-njy ýyllar aralygynda M.Garlyýew Daşoguzda aýdym-saza höwesli ýaşlary ýygnap, ýörite aýdym-saz toparyny hem döredýär. Olardan Rzaguly Ataýew, Ilaman Annaýew, Gurban Seýitmädow, Täjigül Jumaýewa, Aýgül Alyýewa, Sülgün Meretgeldiýewa, Akjagül Myradowa, Bally Mätgeldiýew ýaly ussatlyga ýetişip, il içinde adygyp giden bagşylaryň ençemesini görkezmek bolar.
Bagşynyň türkmen saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, doglan gününiň ýüz ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň halk bagşysy diýen hormatly adyň dakylmagy halk köpçüligini çäksiz begendirdi.
Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň M.Garlyýew adyndaky daýhan birleşiginde Magtymguly Garlyýewyň öý muzeýi döredildi. Daşoguzyň ýörite sungat mekdebine Magtymguly Garlyýewiň ady dakyldy. Halkyň çäksiz söýgüsini gazanmagy başaran meşhur bagşy 1957-nji ýylda aradan çykýar.