Çukanak ýollar sürüjileri jowrandyrýar

Çukanak ýollar sürüjileri jowrandyrýar

Mary welaýatynyň, umuman, ähli ýollary ýaramaz, haýsy etraba gidäý, Hudaý Allany çagyryp gitmeli bolýar diýip, günorta-gündogar sebitde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan oba ýaşaýjylary jowranýar.

“Ynha, öňümiz gyş. Bu ýyl hem geňeşlikleriň köçelerine seredilmedi. Biz oruslaryň döwründen bäri, her ýylda indi ýollara serediler diýen umytda ýaşadyk, indi çagalarymyz hem basym düzeler diýip, umyt edip ýaşap başladylar, ýöne üýtgeýän zat ýok. Gaýtam, ýyl-ýyldan beterleşýär” diýip, hasratly ýaşuly zeýrenýar.

Ilat arasynda Sowetler döwri köplenç rus agalygy hökmünde ýatlanýar, maryly ýaşaýjy hem “oruslaryň döwründen bäri” diýip, ýurt garaşsyzlygyndan öňki döwürlere salgylanýar. Oba ýerlerinde köçeler Sowetler döwründe-de, Garaşsyzlyk döwründe-de oňarylmandyr, sebäbi heniz hem çala ýagyş ýagsa köçeler palçyga bulaşýar, batga bolýar.

Bu sebitde Aşgabat Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy alnyp barylýar.Aprel aýynda bu ýoluň Tejen Mary bölegi açylyp ulanylmaga berildi. Ýöne günorta-gündogar sebitde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar özleriniň bu tölegli ýoldan peýdalanmaýandyklaryny, muňa zerurlygyň hem ýokdugyny aýdýarlar.

Olar obalaryň arasyndaky çukanak-sakanak ýollaryň naýynjar hal-ahwalyny dillendirip, gözçykgynç gözgynylyk babatynda özleriniň haraý soraýandyklaryny aýdýarlar.

“Biziň döwletimiziň 33 ýyl bäri köçeleri oňarmaga gurby çatmaýarmyka? Köçeler beýlede dursun ol adamlary ekläp bilmeýär. Adamlara päsgeçilik bermedik bolanlarynda, şu ýollary 33 ýylda adamlaryň özleri oňarardy” diýip, maryly ýaşaýjylar garaşsyzlyk döwrüni we bu döwürde türkmen halkynyň başyndan inen zabun çäklendirmeleri göz öňünde tutup aýtdylar.

“Entegem häzir daşary ýurtlarda işläp, aýraçylykda zähmet çekýän we gazanç edýän dogan-garyndaşlarymyz bizi ekläp saklaýar. Şolar bolmadyk bolanda bize eýe çykjak adam ýok. Telewizorda adamlara “Arkadaga şöhrat” diýip bagyrtsalar, biz öz ýanymyzdan daşary ýurtlardaky dogan-garyndaşlarymyza şöhrat diýip, gygyrýarys” diýip, oba ýaşaýjylary çukanak-sakanak ýollar barada girişilen söhbetdeşligi dowam etdirýärler.

Gelip gowuşýan maglumatlar şeýle ahwalatyň diňe bir Mary welaýatynda däl, eýsem, beýleki sebitlere-de mahsus bolandygyny görkezýär. Adamlar çala ýagyş ýagsa palçyga bulaşýan ýollarda lüýk bolýan köçelerde gatnamaly bolýar, bu ýagdaýdan pyýadalar-da, ulagly adamlar-da zyýan çekýärler.

Ýöne döwlet telewideniýesi şeýle sahnalaryň suratlaryny we wideolaryny görkezmeýär, umuman oba ilatynyň hal-ahwalyny, dert-azabyny agzamaýar.

Döwlet telewideniýesinde efire berilýän aýdym-sazly gepleşikler Aşgabadyň we Arkadagyň “aýna ýaly arassa seýilgählerini, oklaw ýaly göni, arassa we güller bilen bezelen köçelerini” mahabatlandyrýar. Arkadaglara şöhrat senalaryny ýaňlandyrýar.

Bagtyýar we berkarar döwlet hökmünde wagyz edilýän ýurduň obalarynda lagar düşen infrastrukturalar ýerli ýaşaýjylaryň isleglerini kanagatlandyryp bilmeýär.

"Oba ýerlerinde köçelere edil bomba düşen ýaly, ýollar çukanakdan doly, bulary düzetjek bolýan adam hem ýok, hiç kim kim baş galdyranok.Gyş günlerinde köp sanly geňeşliklerdäki köçelerden ýeňil awtoulagda geçip bolmaýar, diňe traktorlar ýa-da “jeep” pisint ulaglar geňeşliklere girip-çykyp bilýär.

Biz gyn günlerinde ýa-da ýagynly howada awtoulaglarymyzy sürüp boljak ýere çenli sürüp, sürüp bolmaýan ýerde bolsa, ulaglarymyzy hojalyklaryň biriniň öňünde goýup, özümiz pyýadalap, kä ýykylyp, kä typyp, palçyga bulaşyp zordan öýe ýetýäris” diýip, oba ýaşaýjylary aýdýar.

Öýe baranlarynda hem olar telewizory açanlarynda, Aşgabadyň we Arkadagyň “aýna ýaly arassa ýollaryna, oklaw ýaly göni, arassa we güller bilen bezelen köçelerine” tomaşa etmeli bolýarlar, Arkadaglara şöhrat senalaryna sezewar edilýärler.

“Çukanakly ýollarda awtoulag hadysalary köp bolýar, adamlar heläkçilige uçraýar” diýip, oba ýaşaýjylary aýdýar we häkimiýetleriň biperwaýlygyna ünsi çekýärler.

Azatlyk Radiosy Marynyň oba ýerlerinde köçeleriň hal-ýagdaýy, ilatyň infrastruktura meseleleri boýunça sebit häkimiýetlerinden teswir alyp bilmeýär.

Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatlaryň şäherlerini we obalaryny ösdürmek boýunça kabul edilýän maksatnamalar we beýleki resminamalar iş ýüzünde ýerli ýaşaýjylaryň arzuw-isleglerini kanagatlandyryp bilmeýär.

Döwlet ýolbaşçylary ähli tagallalaryň garaşsyz watany gülledip ösdürmäge gönükdirilýändigini gaýtalaýarlar, ýöne günorta-gündogar sebitiň ýaşaýjylary gözleriniň öňünde serlip ýatan we ýyllarboýy abatlanylmadyk giňişlige seredip, “Sowetler döwrüni ýatlaýarlar”

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gaýtadan ulanylýan elektronika
“Apple” täze önümlerini tanyşdyrýar
Samsung telewizorlaryň täze neslini hödürledi
Akkordeon ýaly telewizor
“Samsung” täze “akylly” smartfonyny tanyşdyrdy
Siz mekdebe taýýarmy?