Geçen hepdäniň sişenbe güni, 9-njy aprelde Daşoguz-Aşgabat awtomagistralynyň ugrunda “Toýota Awalon” kysymly bir ýeňil awtomobil ulagy ýol heläkçiligine uçrady. Derwezäniň golaýynda, magistralyň takmynan 225-nji kilometrinde bolup geçen ýol hadysasynda bäş adam heläk boldy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir PÝÝG işgäri bu ýol hadysasyna awtomagistraldaky iri çukurlaryň sebäp bolandygyny aýdýar.
“Ýoldaky çukurlar kadaly tizlikde barýan ulag serişdesiniň ýoldan çykmagyna sebäp bolupdyr” diýip, polisiýa işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Akdepe etrabynyň bir ýaşaýjysynyň adyna hasaba alnan awtomobil ulagynda kireýine ýolagçy gatnadylýan ekeni.Daşoguzdan Aşgabada barýan hususy awtoulagda heläk bolan ýolagçylaryň biri Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde ýokary bilim alýan 20 ýaşlaryndaky bir talyp, ýene iki sanysy bolsa Russiýa Federasiýasyna zähmet migrasiýasyna barýan raýatlar bolup, olar gara ýol bilen Aşgabadyň halkara howa menziline barýan ekeni. Ýol hadysasynda heläk bolan başga-da iki raýat barada jikme-jik maglumat berilmeýär. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan polisiýa işgäri ýol hadysasynda wepat bolan bäş adamyň ikisiniň 30 ýaşlaryndaky raýatlar bolandygyny aýtdy.
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan bolan beýleki bir hususy taksi sürüjisi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde paýtagt bilen aradaky awtomobil ýolunyň ymykly könelişendigini, ýolda iri-iri çukurlaryň emele gelendigini gürrüň berdi.
“Aşgabat Daşoguz asfalt ýolunda asfalt galmandyr. Ýol diňe çukurlardan ybarat daşly ýola dönüpdir. Hamala, bu ýoluň eýesi ýok ýaly, taşlanan ýola meňzäp barýar. Muňa garamazdan, işsizlik zerarly hususy awtomobil ulagymyzda Aşgabada adam gatnadyp, gazanç emeli bolýarys, taksiçilik bilen meşgullanýarys” diýip, sürüji aýtdy.
Döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri ýurduň ulag ulgamynda uly-uly üstünlikleriň gazanylandygyny, ýurduň transport ulgamynyň halkara ülňülerine laýyklykda yzygiderli ösdürilýändigini gaýtalaýar, ýöne ünsden düşürilen çukanak-sakanak ýollar barada maglumat bermeýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanlylar Daşoguz Aşgabat awtomagistralynyň hem ünsden düşürilen ýollaryň biri bolandygyny aýdýarlar.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni Aşgabat Daşoguz awtomagistralyny abatlamaga howlugmaýar. Çukanak-sakanak ýollaryň halkara bäsleşigi geçirilse, Daşoguz Aşgabat awtomagistraly Ginnesiň rekordlar kitabyna-da girip bilerdi” diýip, bir ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Habarçylarymyz bu awtomagistralyň hal-ahwalynyň sosial ulgamlarda hem ara alnyp maslahatlaşylýandygyny habar berýärler.
Daşoguz Aşgabat awtomagistralynyň üsti bilen üstaşyr geçýän käbir ulag sürüjileri TikTok ulgamynda wideo paýlaşyp, “tebigy serişdelere baý ýurduň bu ýoly abatlap bilmeýändigini, özleriniň bu ýagdaýy masgaraçylyk hasaplaýandyklaryny” aýdýarlar.
“Bu ýolda paýtagtdan Daşoguza tarap ýola düşmegiň özi töwekgelçilik” diýip, bir ýolagçy aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary howpsuzlyk ýagdaýlary bilen baglylykda bu ýolda awtobus gatnawlaryň soňky birnäçe ýyl bäri döwlet tarapyndan bes edilendigini habar berýärler.
“Paýtagtdan beýleki welaýatlara awtobus gatnawlary ýola goýlupdyr, diňe Daşoguza awtobus gatnamaýar. Köp sanly daşoguzlylar bu ýoluň ýyllarboýy abatlanylmazlygyny döwletiň tire-taýpa, milletparazçylyk syýasatyndan görýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Redaksiýa adam pidalaryna getiren ýol heläkçiligi barada Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndan teswir alyp bilmedi. Döwlet mediasy ýurduň çäginde bolup geçýän ýol-ulag hadysalary barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.