CPJ: Nurgeldi Halykow metbugatda özi barada çykýan her bir maglumat üçin ýeke adamlyk kamera salynýar

CPJ: Nurgeldi Halykow metbugatda özi barada çykýan her bir maglumat üçin ýeke adamlyk kamera salynýar

Žurnalistleri goramak baradaky komitet 12-nji maýda "Turkmen.news" neşiriniň habarçysy Nurgeldi Halykowyň derrew we şertsiz boşadylmagy barada beýanat ýaýratdy. Komitet Halykowyň, metbugatda onuň ykbaly barada çykýan maglumatlar üçin ar alyş hökmünde, üç gezek türme kamerasynda saklanandygyny aýdýar.

"Türkmen häkimiýetleri tussag edilen žurnalist Nurgeldi Halykowdan ar almagy bes etmeli we ony derrew hem-de şertsiz boşatmaly" diýip, komimetiň penşenbe güni çap eden beýanatynda bellenilýär.

Häkimiýetler Halykowy 2020-nji ýylyň iýulynda tussag etdiler we şol ýylyň sentýabrynda dört ýyl azatlykdan mahrum etdiler. Düýbi Niderlandlarda ýerleşýän "Turkmen.news" neşiriniň habaryna görä, ol BSG-niň missiýasynyň agzalarynyň Aşgabatdaky suratlaryny habar serişdelerine iberenden soň, galp aýyplamalar esasynda tussag edildi.

Neşiriň redaktory Ruslan Mýatiýewiň komitete beren maglumatyna görä, ol ýa-da hukuk toparlary Halykowyň ykbaly barada her gezek mesele gozganda, žurnalist şol çykyşlaryň her biri üçin aýry-aýrylykda üzňelikdäki jeza kamerasyna salyndy.

"Izolýasiýa kamerasynda saklanýan bendiler adaty tussaglara garanyňda has erbet şertlerde saklanýar. Olar kameradan çykyp, beýleki tussaglary görüp bilmeýärler. Olara okamak üçin materiallar ýa-da beýleki güýmenjeler berilmeýär we özbaşdak nahar bişirmäge rugsat berilmeýär" diýip, Mýatiýew aýtdy.

"Türkmen žurnalisti Nurgeldi Halykow özüniň işi üçin ar alyş hökmünde düýpden esassyz hökümi ýerine ýetirýär we onuň iş berijisi onuň ykbaly barada mesele gozganda oňa jeza bermek adalatsyzlygyň iň ýokary derejesidir" diýip, komitetiň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasynyň utgaşdyryjysy Gulnoza Said aýtdy.

Şeýle-de, ol türkmen häkimiýetlerini Halykowy "jeza kamerasyna salmagy bes etmäge, oňa bildirilýän galp aýyplamalary ýatyrmaga we ony gyssagly ýagdaýda boşatmaga" hem çagyrdy.

Häzirki wagt Halykow gündogar Lebap welaýatyndaky LB-K / 12 türmesinde dört ýyl tussaglyk möhletini ýerine ýetirýär. "Turkmen.news" neşiriniň redaktory we hukuk toparlary Halykowa bildirilýän aýyplamalaryň onuň žurnalistika işi üçin ar almak maksady bilen toslanyp tapylandygyna ynanýarlar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri Azatlyk Radiosynyň ençeme habarçysyny hem dürli yzarlamalara, gorkuzmalara, sütemlere we galplaşdyrylan aýyplamalara hem-de bu esasda tussag we höküm edilmelere sezewar etdiler.

Azatlygyň Daşoguz sebitindäki öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşow 2017-nji ýylda nas satmak aýyplamasy bilen tussag edilen bolsa, Balkan welaýatyndaky öňki habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew hamala, ýanyndan neşeli derman tapylandygy üçin, galplaşdyrylan aýyplama esasynda üç ýyl türmede saklandy.

Azatlyk bilen hyzmatdaşlyk eden Ogulsapar Myradowa bolsa, egindeşleri bilen fransuz žurnalistlerine Türkmenistan barada dokumental kino düşürmäge kömek berendigi üçin, galp aýyplamalar esasynda türmä basylyp, şol ýerde gümürtik ýagdaýda aradan çykdy.

Häkimiýetleriň bu çäreleri garaşsyz žurnalistleriň birnäçesiniň daşary ýurtlara bosgunlyga çykmagyna getirse, ýene birnäçesiniň öz işlerini bes etmegine alyp geldi.

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda türkmen hökümeti resmi syýasata tankydy gözde garaýan žurnalistleri yzarlamakda we ýanamakda, gözegçilikde saklamakda, telefonlaryny barlamakda, syýahatlaryny çäklendirmekde, şeýle-de, raýat žurnalistlerine hem yzygiderli azar bermekde tankytlanýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň adam hukuklary boýunça geçen aýda çap eden soňky ýyllyk hasabatynda "Türkmenistanyň kanuny esassyz tussag edilmegi we saklanmagy gadagan edýär, ýöne bularyň ikisi-de çynlakaý mesele bolup galýar" diýilýär.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň şu aýyň başynda çap eden täze hasabatynda Türkmenistan dünýäniň 180 ýurdunyň arasynda 177-nji orunda ýerleşdirildi.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň döwlet baştutany öz geçirýän hökümet mejlislerinde hemişe “işlemek üçin ähli şert döredilen” metbugat wekilleriniň ýurtda “gazanylan ägirt uly üstünlikleri” ýeterlik beýan edip bilmezliginden nägile bolup, ýygy-ýygydan metbugat ýolbaşçylaryny, şol sanda medeniýete we habar serişdelerine gözegçilik edýän orunbasaryny hem täzeläp durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandaky garaşsyz žurnalistika: yzarlamalar, türme, gynamalar we ölüm
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Nurgeldi Halykow azatlyga çykdy
CJP Berdimuhamedowy žurnalisti boşatmaga we metbugaty çäklendirmezlige çagyrdy
CJP Berdimuhamedowy žurnalisti boşatmaga we metbugaty çäklendirmezlige çagyrdy
Türkmenistanyň häkimiýetleri adalatsyz azatlykdan mahrum edilen garaşsyz reportiýory boşatmaly. Nurgeldi Halykowyň işi boýunça beýannama