CPJ: Hytaý 2019-njy ýylda iň köp žurnalisti türmä basan ýurt boldy

CPJ: Hytaý 2019-njy ýylda iň köp žurnalisti türmä basan ýurt boldy

2019-njy ýylda Hytaýyň hökümeti azyndan 48 žurnalisti türmä basdy, bu islendik beýleki ýurtdakydan has köpdür diýlip, 11-nji dekabrda ýaýradylan hasabatda aýdylýar. Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň (CPJ) ýyllyk hasabatynda şu ýyl dünýäde azyndan 250 žurnalistiň türmä basylandygy habar berilýär.

Bu görkeziji geçen ýyl 255-e deňdi.Hasabatda ikinji orunda Türkiýe ýerleşdirilip, bu ýurtda 2019-njy ýylda 47 žurnalistiň türmä basylandygy bellenilýär.Geçen ýyl Türkiýede 68 žurnalistiň azatlykdan mahrum edilendigi habar berilipdi.

Türkiýäni Saud Arabystany we Müsür yzarlap, bu ýurtlaryň her birinde 26 žurnalistiň türmä basylandygy aýdylýar. Şu ýyl möhüm protestlere şaýat bolan Eýran 11 žurnalisti azatlykdan mahrum etdi diýlip, raportda bellenilýär.

Tanymal habarçy Mohammad Mosaed hem,Eýranda benziniň bahasynyň gymmatladylmagyna garşy geçirilen protestler baradaky habarlaryň öňüni almak maksady bilen Internetiň kesilen döwri tweet paýlaşandan soňra tussag edildi.Hasabata görä, şu ýyl Russiýada ýedi žurnalist türmä basyldy.

Olaryň dördüsi okkupirlenen Krym regionynda amal eden žurnalistika işi üçin tussaglykda saklanýar.Bu hasabatda 2019-njy ýylda Türkmenistanda türmä basylan žurnalist barada maglumat ýok. Ýöne muňa garamazdan, Türkmenistan dünýäde metbugat azatlygy barada hasabat ýaýradýan halkara guramalarynyň raportlarynda iň soňky orunlary eýeleýär.

Häzirki wagt ýurtda garaşsyz neşirleriň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri we habarçylary akreditasiýa edilmeýär. Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) özüniň sentýabr aýynda çap eden hasabatynda Türkmenistany dünýäde metbugaty iň köp senzura astynda saklaýan 10 ýurduň arasynda ýerleşdirdi.

Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “durmuşyň ähli pudaklaryna, şol sanda metbugata doly kontrollyk edýär...Ol [metbugaty] öz şahsyýet kultyny mahabatlandyrmak üçin ulanýar” diýlip, hasabatda bellenilipdi. Şeýle-de, onda ýurtdaky “metbugat serişdeleriniň ählisiniň türkmen hökümetiniň eýeçiliginde ýa-da ýiti kontrollygynda saklanýandygy” we häkimiýetleriň tussag etmek, türmä basmak ýa-da žurnalistleri ýurtdan gaçyp gitmäge mejbur etmek arkaly garaşsyz seslere basyş edýändigi hem nygtalypdy.

Mundan ozalky ýyllarda Azatlyk Radiosynyň Saparmämmet Nepesgulyýew, Hudaýberdi Allaşow, Soltan Açylowa ýaly ýerli habarçylary türkmen häkimiýetleri tarapyndan yzarlamalara, gorkuzmalara, sütemlere we türme tussaglyklaryna sezewar boldy.Bu yzarlamalar we gorkuzmalar Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde işlerini berjaý etmäge mejbur etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.

Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda erkin sözüň anatomiýasy (2-nji bölüm)
Azatlykda çykyş edeni üçin Agajuma daýyny’ 6 ýyl türmä höküm etdiler
CPJ: Nurgeldi Halykow metbugatda özi barada çykýan her bir maglumat üçin ýeke adamlyk kamera salynýar
“Serhetsiz reportýorlar" garaşsyz neşiriň habarçysynyň derrew azat edilmegine çagyrýar
Türkmenistandaky garaşsyz žurnalistika: yzarlamalar, türme, gynamalar we ölüm
Azatlygyň Türkmenistandaky öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşow aradan çykdy