Türkmenistanda jemgyýetçilik azyk üpjünçiligi ýerlerine, kafelere epidemologiýa çäklendirmelere garamazdan, käbir kafeler, restoranlar we söwda merkezleri açyklygyna galýar.
Mysal üçin, “Türkmenistanyň Hroniaksynyň” habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Köşi etrabyndaky Şaşlykhananyň, Hitrowkadaky “Gämi” köçesinde ýerleşýän “Haýyrly” kafeniň, “100 fontandaky” kafeniň, Ýerewan köçesindäki restoranyň we Parahat-4 ýaşaýyş etrapçasyndaky baryň bütin gije açyk bolmagy mümkin.
Olara barýanlaryň aýtmaklaryna görä, bularyň käbirinde kalýany “diňe rugsat edilen temmäkiler we garyndylar” däl-de, başga zatlar bilenem çekmek mümkin.
“TH-niň”çeşmeleriniň biriniň sözlerine görä,arkaýyn işleýän ýerleriň Berdimuhamedowyň maşgalasyna ýakyn kişilere degişli bolmagy ähtimal.
Mysal üçin, 1934 köçesindäki (öňki Bamako köçesindäki) kafe Berdimuhamedowyň ýegeni Şamyrat Rejebow bilen ilteşikli.
Mysal üçin, geçen ýylyň noýabrynda bu ýerde garaşylmadyk bir waka boldy. Şäher häkimliginden kafeni barlamaga gelen topar gije bolandygy üçin ýapmagy talap edenlerinde, olary ýenjipdirler.
Bu barada Aşgabadyň häkimi uly Berdimuhamedowa habar berip, COVID-19 bilen bagly hökümetiň görkezmeleri boýunça çäreleri berjaý edip bilmeýändigini düşündiripdir.
Mundan soňam ol ýer işlemegini dowam etdirdi.Emma, indi ýerli polisiýa barlag barada öňünden dolandyryja duýdurýar we şol kafe-restoranlar 1-2 sagatlap ýapylýar.The post COVID çäklendirmelerine garamazdan, Berdimuhamedowyň garyndaşlary bilen ilteşikli kafe, restoranlar işlemegini dowam edýärler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.