BMG-niň biodürlülik boýunça maslahatynda gepleşiklere gatnaşyjylar taryhy ylalaşyk gazandylar. Bu konferensiýa yklymlary we ummanlary goramak üçin iň möhüm tagalla bolar we ösýän ýurtlarda biodürlüligi gorap saklamak üçin zerur serişdeleri üpjün eder.
Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşiniň çalt ýitmeginiň öňüni almak üçin gyssagly çäreleri kesgitleýän ylalaşyk Monrealda guralan COP15 maslahatynyň gutarmagyna bir gün halanda gazanyldy.
Ylalaşygyň iň möhüm bölegi, 2030-njy ýyla çenli biodürlülik üçin möhüm hasaplanýan ýerleriň we suwlaryň 30%-ini goramak baradaky borçnamadyr. Häzirki wagtda gury ýerleriň 17%-i we deňiz çäkleriniň 10%-i gorag astynda saklanýar.
Bütindünýä ýabany tebigat gaznasynyň soňky maglumatlaryna görä, 1970-nji ýyllardan bäri ýabany haýwanlaryň sany ortaça 69% azaldy. Guramanyň wekilleri şeýle ýokary derejäniň adam işjeňliginiň netijesidigini belleýär.
-Dünýäde henize çenli şunuň ýaly derejede tebigaty goramak maksady bolan däl bolsa gerek diýip, tebigaty goramak boýunça “Campaign for Nature” kampaniýasynyň müdiri Braýan O’Donnell žurnalistlere gürrüň berdi.
15-nji dekabrda başlan Ministrler ýygnagy 17-nji dekabrda tamamlandy. Iki ýarym gün dowam eden ýygnak, COP15 gepleşik tapgrynyň öňe gitmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy.