COP 29 maslahaty geçiriler

Azerbaýjan, ýurduň taryhynda iň uly halkara çäresini – BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 29-njy mejlisini (COP29) geçirmäge taýýarlanýar.Maslahatda 2016-njy ýylda güýje giren Pariž şertnamasyny durmuşa geçirmek barada kararlar kabul ediler.

BMG tarapyndan döredilen sekretariat tarapyndan dolandyrylýan COP maslahatynyň ýyllyk sessiýalary her ýyl bir ýurtda guralýar.Bu ýyl “COP-29”-yň başlygy Azerbaýjan.Azerbaýjanyň döwlet edaralary, kompaniýalary we hökümete degişli bolmadyk guramalary 11-22-nji noýabr aralygynda ýurtda geçiriljek “COP 29” maslahatyny üstünlikli guramak üçin tagallalaryny birikdirýärler.

Iki hepdäniň dowamynda Bakuwyň müňlerçe myhmany kabul etmegine garaşylýar. 50-den gowrak döwlet we hökümet Baştutany, “COP 29” maslahatynyň mejlisine gatnaşjakdygyny tassyklady.

“COP 29” maslahatynda sebitleýin we global gün tertibindäki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar we esasy tema howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşi maliýeleşdirilmekden ybarat bolar.Pariž şertnamasyna laýyklykda, ösen ýurtlaryň bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak boýunça ösýän ýurtlara maliýe goldawy bu çäräniň esasy maksatlaryndan biridir.

Häzirki wagtda, takmynan, 100 milliard dollar töweregi möçberinde howanyň maliýeleşdirilmegini ýokarlandyrmak boýunça çynlakaý gepleşikler alnyp barylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Baku şäherinde howanyň üýtegemegi boýunça “COP29” halkara maslahatyna gatnaşýar
Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyga ygrarly
Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça halkara borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýär
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi
BMG: howanyň üýtgemegi ykdysadyýetleri heläkleýjä öwrülýär
Bakuda BMG-niň howa boýunça konferensiýasy başlaýar