Construction of Trans-Caspian Interconnector’s Main Part Requires $400 Million

Construction of Trans-Caspian Interconnector’s Main Part Requires $400 Million

“TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow sişenbe güni “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) halkara forumynyň barşynda eden çykyşynda tebigy gazyň uglerod zyňyndylarynyň azaldylmagyna ýardam berýändigini belledi. Bu barada “Orient.tm” agentligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, tebigy gaz arassa gazylyp alynýan ýangyç hökmünde ýakyn geljekde energetika ýetmezçiligi meselesini çözmekde wajyp orun eýeläp biler we şunuň bilen birlikde ykdysady ösüşi hem-de elektroenergiýa üpjünçiligini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Tebigy gaz adaty ýangyç bilen deňeşdirilende kömürturşy gazyny 30%, kömür bilen deňeşdirilende bolsa, 45% az bölüp çykarýar.

Elektroenergiýa önümçiliginde tebigy gazyň dikeldilýän energiýa serişdeler bilen utgaşdyrylmagy energetika howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün edýär.

“Rystad Energy” agentliginiň maglumatlaryna görä, pandemiýa zerarly 2020-njy ýylda dünýäde tebigy gazyň önümçiligi 3,5% peseldi we 3 milliard 918 million kub metre barabar boldy. Agentligiň bilermenleri bu pudagyň tiz wagtda dikelmegini däl-de, eýsem 2040-njy ýyla çenli tebigy gazyň önümçiliginiň 24% artdyryljakdygyny çaklaýarlar.

Tebigy gaz gazylyp alynýan ýangyçlaryň arasynda iň arassalarynyň biri bolup, ol diňe kömüriň däl, atom energiýasynyň hem ornuny tutup biljekdigi çaklanylýar. Döwletleriň ençemesi atom energiýasy pudagynda howp görýärler. Şol sebäpli, beýleki gazylyp alynýan serişdeler bilen deňeşdirilende, gaza bolan isleg çalt depginde artar.

More related articles

Turkmen gas to Europe: building TCP is not the end of story
Caspian region may become strategic energy hub of int'l importance
Turkmenistan, EU eye to intensify co-op in energy sector
Turkmenistan: Get on your bike!
Turkmenistan, EBRD exchange views on Trans-Caspian gas pipeline project
Turkmen parliament ratifies Convention on Legal Status of Caspian Sea