Çolarýan obalar halkyň 'parahatçylykly protesti' bolup görünýär

Çolarýan obalar halkyň 'parahatçylykly protesti' bolup görünýär

Türkmen häkimiýetleri geçen ýyl obalaryň käbiriniň ilat sanynyň 50 adama hem ýetmeýändigini tassyk etdi. "Çet obalar örän kyn ýagdaýa düşdi, dogduk mekanlaryndan iş gözläp ýa göçüp gidýän köpelýär, galanlar zordan mydar edýär" diýip, Azatlygyň ýerli habarçylary habar berýär. Şu aralykda, 21-nji awgustda berlen resmi habara görä, TDHÇMB-nyň daşary ýurt puluna eden söwdalarynda Hytaýyň, BAE-niň, Irlandiýanyň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşleri, nah mata we nah ýüplügi, jinsi matalary, şeýle hem buýan köki satyldy. 24-nji awgustda bolsa, Hytaýdan gelen işewüriň jemi bahasy 121 müň 900 ABŞ dollaryna barabar bolan tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini satyn alandygy habar berildi.

Synçylar oba adamlarynyň öndüren önümleriniň üstünde edilýän söwdanyň hiç wagt olaryň özi, maşgalasy we çagalary üçin peýdaly bolmandygyny, bu söwdadan gelýän millionlarça dollaryň oba infrastrukturasyna harçlanýandygyna ynanmagyň hem gaty kyndygyny aýdýarlar.

Golaýda sebitleriň birindäki dogduk obasyna sapar eden ýewropaly türkmeniň sözleri bilen aýdylsa, "türkmen obalary döwletiň öweý çagalaryna ýa-da ene-atasyz ýetimlere" meňzeýär.

Ýaşuly aktiwist Nurmuhammet Hanamow bu ýagdaý barada pikirini paýlaşyp, türkmen obalaryndaky çökgünligiň baryp 1990-njy ýyllaryň başynda başlanandygyny we oba adamlarynyň ýagdaýlarynyň häzir has agyrlaşandygyny öňe sürdi. Onuň pikiriçe, döwlet eýeçiligindäki metbugatda görkezilýän kaşaň binalar, Aşgabat töwereginiň uly gurluşyklary 'oba milli maksatnamasy' diýilýäniň boş gürrüňdigini aňladýar.

“...adamlar ozal bolanja mal-garalaryny ýa beýleki emläklerini harçlap, iň zerur zatlary satyn alan bolsalar, indi halys garyp düşdüler, eger-de ýaş prezident ýurt aladasyny etjek bolsa, oba adamlarynyň hem aladasyny etmeli bolar” diýip, öňki diplomat Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

“Obalardaky şertler indi birnäçe ýyl bäri gitdigiçe ýaramazlaşýar” diýip, Mary sebitindäki habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, etrap merkezlerinden daşda ýerleşýän obalaryň ýagdaýy has kyn, kä obalarda iş, gazanç mümkinçiligi örän pes ýa-da ýok diýerlik derejä düşdi.

Mary sebitiniň çetki obalaryndan Çaşgyn, Zähmet, Täze dünýä obalarynyň ýagdaýy, Ýolöten etrabyndaky obalaryň käbiri, Buluçly ýaly obalar gitdigiçe gözgyny hala düşýär.

“Daş obalarda gazanç mümkinçiligi tasdan ýok. Köp iş ýeri ýapyldy. Maldarçylyk fermalary, çagalar baglary, suw edaralary garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri ýapyk bolmagynda galýar” diýip, habarçymyz obadaky eklenjiň iň uly alada öwrülendigini, emma hökümetiň bu meselä erjellik bilen göz ýumýandygyny aýtdy.

“Oba ýerlerinde iş meselesi gaty uly, bazarlar, telekeçileriň gurnaýan kärhanalary, täze açylýan dükanlar esasan şäher ýerlerine, welaýat merkezlerine ýakyn ýerlerde ýerleşýär.”

Türkmenistanda resmi taýdan boýun alynmaýan agyr işsizlik ýurduň ýüz müňlerçe raýatynyň iş gözläp, daşary ýurtlara gitmegine we, häkimiýetleriň döredýän emeli kynçylyklary, şol sanda ýurtdan çykylanda we yza gelnende soralýan para zerarly, uzak ýyllar daşary ýurtlarda galmagyna alyp geldi.

"Iş gözleginde ýurduň beýleki ýerlerine, Aşgabatdaky gurluşyk firmalarynda işlemäge gidenler ýene ýagşy, olar wagtal-wagtal yzlaryna, öýlerine gelip, maşgalalarynyň arasynda bolup bilýärler, toýa, ýasa görünýärler. Ýöne hökümet muny boýun almaly, gaty agyr ýagdaý emele geldi; gyrak-çetde ýerleşýän obalaryň käbirinde işe ýaran erkek göbekli galmady, diňe gartaşan adamlar, aýallar we çagalar galdy“ diýip, habarçy aýtdy.

Başga, amatlyrak ýerlerden jaý alyp bilenler göçýär

Obalaryň çolarmagynyň ýene bir sebäbi bolsa, habarçylaryň we ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, oba şertleriniň gowulanjagyna ynamyny ýitiren adamlar, ata-baba ýaşan ýerlerini taşlap, barha kän şäher ýerlerine göçmäge ýykgyn edýärler, ozal Saparmyrat Nyýazowyň oba syýasaty, soň Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba syýasatlary obalary çolardyp, ölüm halyna salýar diýip, ýewropada ýaşaýan ýaş türkmen Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşende aýtdy.

Onuň pikiriçe, dünýäniň uly şäherlerine toplanan adamlar indi mümkin bolsa oba ýerlerine, şäherden daşraga göçüp, asuda ýaşamaga ýykgyn edýärler, Türkmenistanda bolsa, ozal şäherli bolmadyk adamlar barha kän şähere ýykgyn edýärler. "Bu şertleriň gaty agyrdygyny aňladýar, ýogsa göçmezdiler, men türkmenleriň köpüsiniň obada, rahat we giň jaýda, bag-bakjaly howluda ýaşamagy gowy görýändigini bilýärin, muňa ynanýaryn“ diýip, onlarça ýyl öň Ýewropa göçen türkmen aýtdy.

Bu pikiri ýetmiş ýaşyndaky ýerli synçy hem tassyklady, ol obalaryndan göçýän adamlaryň muňa hakykatdan hem gaty gynanýandygyny, olaryň obada, garyndaşlarynyň we ozal gatnaşan beýleki adamlarynyň, tanyşlarynyň toýuna, ýasyna gelip bilmeseler, gaty gynanýandyklaryny gürrüň berdi.

Şeýle-de, habarçymyzyň ýazmagyna görä, soňky ýyllarda obalarda satlyga goýulýan jaýlar köpeldi.

Daşary ýurtda işläp, pul gazanyp bilen adamlar öýlerine pul ugradyp, welaýatyň şäher ýerlerine ýakynda ýerleşýän jaý almagy sargyt edýärler. Onsoň adamlar, başga ýerden jaý almak üçin oba ýerlerindäki jaýlaryny satlyga goýýarlar. Emma ol jaýlar ýyllap geçmeýär. Sebäbi ösüp gelýän ýaşlaryň hem oba ýerlerinde ýaşasy gelmeýär diýip, birnäçe obanyň adamlary bilen gürleşen habarçymyz aýtdy.

"Ýaşaýjylaryň gürrüň bermeklerine görä, obadaky jaýlaryny satyp bilmän, taşlap gidýän adamlar hem bolýar.Olar “iş ýok, eklenç ýok, ýogsa ömrem gitmezdim” diýip, bialaç gidýärler.Diňe ýönekeý adamlar däl, oba ýerleriniň arçynlyklary hem batana meňzeýär, iş jaýlary bu golaýda bejergi, reňk-beýleki gören däl.

Haýsy obanyň arçynlygyna barsaň, käsinde bäş-alty adam bolup, käsinde ondan hem az, işlän bolup otyrlar.Ikiçäk gürleseň, arçynlyk haçan ýapylsa ýapylaýmaly diýýärler.Potrat ýer alyp, ekin ekýän adamlaryň köpüsiniň güzerany gaty kyn diýip, habarçy aýtdy.

Oba çagalary uly ýollaryň gyrasynda dilegçilik edýär

Sosial ulgamlarda çap edilýän wideolaryň käbirinde Türkmenistanyň uly ýollarynyň gyrasynda geçip barýan ýük maşynlaryndan suw ýa-da başga bir zat dileýän adamlar, çagalar görünýär. Habarçy munuň indi geň görülmeýändigini, uly ýollaryň ýakynynda ýerleşýän obalaryň çagalarynyň ellerine bedre we esgi alyp, ýoluň gyrasyna çykmagynyň adaty zada öwrülendigini aýtdy.

Çagalar geçip barýan awtoulaglaryň tekerlerini ýuwup ýa-da dilegçilik edip, uzak günlerini ýolda geçirýärler. Görseň, gaty gözgyny. Howa gaty yssy, emma olar gazanç umydy bilen ýoldan daşlaşyp bilmeýärler.

Diňe iş ýagdaýy däl, obalaryň tok, elektrik üpjünçiligi hem gaty ýaramazlaşdy. Gijelerine berilýän tok jaýlaryň içini zordan ýagtyldýar, gündizlerine sowadyjylary işledip bolmaýar. Diňe holodilnigi işletmäge ýetse bolýar diýip, tokda işleýän beýleki enjamlary mümkin bolsa ulanmajak bolýarlar.

Çet obalarda telefon aragatnaşygy hem gaty ugursyz, "Altyn asyrdan” peýda ýok, gepleşmekden geçen, adamlar sms ýazyp habarlaşýarlar, olam birnäçe sagatdan barýar. Daşary ýurtdakylar bilen gürleşmek üçin merkeze, garyndaşlaryň ýa tanyşlaryň öýüne gitmeli bolýar. Awtobus gatnawlary günüň dowamynda bir gezek, ýöne ýagyş ýagsa, awtobuslar obalara girmeýär. Awtobusa münmek üçin 1-2 sagat öň öýüňden çykmaly diýip, oba adamlary gürrüň berýär.

Jany sag adamyňky ýene gowy, özüň çet obada ýaşap, hassa bolsaň, has kyn.Onsoň, ýol aşyp merkeze gitmäge ne puly, ne haly bar adamlar bialaç türkmençilige, gadymdan galan emlere bil baglaýarlar. Ýaş çatynjalar, ýagdaý kyn bolansoň, bir çagadan artyk çaga edinmejek bolýarlar.

Aýlyk, pensiýa, kömek puly üçin hem, puluňy bankomatdan çekmek üçin, hökman şähere, etrap merkezine gitmeli.Käbiri özi gitse, gidip bilmeýänler gidenlere kartyny berip, puluny alyp gelmegi soraýar...Diňe çaý bilen çörege oturan hojalyk köp diýip, habarçy aýtdy.

Bu ýagdaýlary görüp ulalan ýaşlar, nädibem bolsa, merkeze ýakynrak ýerlere göçjek bolýarlar.Olara düşünmek kyn däl.Sebäbi obalara asla ideg edilmeýär, köçeler, mekdepler, saglyk öýleri gaty gözgyny ýagdaýda. Çagalar ýyl-ýyldan azalansoň, iki obanyň çagalarynyň bir mekdebe gatnamaly edilen ýerleri hem bar.

Daş aralykda ýaşaýan çagalar gyş günleri, batgaly ýolda çümüp-batyp, pyýada uzak ýol geçmeli bolýarlar.Gar ýagsa, köp çaga mekdebe gelmeýär.Mundan-da beteri, geýer ýaly idili egin-eşigi bolman, okuwdan galýan çagalar hem köp.

“Käte klasda 5-6 sany okuwçy bilen sapak geçýäris. Hökümet obalardaky adamlaryň, çagalaryň ýagdaýyna düýpden seretmeýär, göz ýumýar” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen mugallym aýtdy.

Onuň pikiriçe, diňe Aşgabat ösdürilýär. "Obalaryň ýagdaýyny düzetmek asla aňlaryna gelmeýär, bu ýagdaýda oba ýerleri boşap galar” diýip, oba mekdebiniň mugallymy Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Oba, etrap ýerlerindäki ýollaryň köpüsiniň diňe ýol ady galdy

Balkan sebitindäki habarçymyz bilen gürleşen oba adamlary hem çet obalaryň ýagdaýy barada aýdylýanlary tassyk etdiler.

“Bereket etrabyndan 225 kilometr uzakda ýerleşýän Düwünçi, Gulanly, Gurtbasar obalarynda iň ýönekeý mobil aragatnaşygy (tmcell) hem ýok, çagalar baglary, döwrebap lukmançylyk nokatlary hem ýok” diýip, bu obalaryň dört sany ýaşaýjysy bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan habarçymyz aýtdy.

Türkmenbaşa iş gözläp gelen oba adamlarynyň aýtmaklaryna görä, olaryň ýaşaýan obalaryndaky şertler juda agyr.Bir ýere telefon etjek bolsaň, tmcell antennasynyň tutýan ýerine barmak üçin 55 km ýol geçmeli.

Suw hem agyr mesele bolmagynda galýar.Hassa bolup, gyssagly lukman kömegine mätäç bolsaň, 200 km aralyk ýoly geçip, gelip biljek saglyk awtoulagy ýok, sebäbi Bereket etrabynda beýle ýola çydajak abat "Tiz kömek“ maşyny ýok.

Azatlyk Balkan welaýatynyň medeni zonasyndan demirgazykdaky obalarda, Serdar, Bereket, Türkmenbaşy şäherlerinden 150-400 km uzaklykda ýaşaýan adamlaryň indi otuz ýyldan gowrak wagt bäri agyr ýol azabyny çekýändigini, metbugatda mahabatlandyrylýan “Altyn asyr” türkmen köli diýilýäne Serdar şäherinden barýan 350-400 km çemesi ýola “ýol” diýer ýaly däldigini, beýleki kynçylyklary ozalam habar beripdi.

Sebitiň Etrek, Esenguly etraplarynda 1960-njy ýyllarda asfalt düşelen ýoluň häzir diňe ýol ady bar, Balkan, Ahal, Daşoguz welaýatlarynyň çatryklaşýan obasy bolan Baleýşem obasyna barýan 300 km çemesi ýoluň diňe ýol ady bar, kimdir birini gyssagly keselhana äkitmeli bolsa, adamlar gum içinden, ýolsuz ýerden maşyn sürüp, ony 80-100 km aralyga, Bäherden etrabynyň Kirpili obasyna äkitmeli bolýarlar diýip, Azatlygyň çeşmesi birnäçe ýyl öň habar beripdi.

Emma Azatlygyň obalardaky agyr ýagdaýlar barada berýän maglumatlary Türkmenistanda “Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi” barada edilýän maslahatlarda ne tassyklanýar, ne-de inkär edilýär.

Ýaşaýjylaryň gürrüň bermeklerine görä, çet obalarda ýaşaýan adamlar orta asyrlaryň durmuş şertlerine dolanan ýaly, zordan güzeran aýlaýarlar.

“Ozallar biraz ganymatdy, soňky bäş ýylda elektrik togy hem kadaly berilmeýär” diýip, bir söhbetdeşimiz aýtdy.

Tok bolmasa, agyz suwy hem gytalýar, ýapdan gelýän suw bulanyk

Käbir hojalyklarda awtoulag bar, olar benzinli işleýän generator bilen elektrik öndürip, diňe gijelerine ýagtylyk üçin üç sagat çemesi tok ulanyp bilýärler. Et, azyk üçin holodilnik ulanylýan döwür bireýýäm geçdi. Eti kakadyp, duzlap ýa-da gowrup saklaýarlar. Tebigy gaz diýen zat ýok, çaý-naharlaryny odun, sazak ýakyp edinýärler. Gyşyna diňe odun ýakyp ýylanmaly bolýar.

Şeýle-de, ýaşaýjylaryň biri öz obalarynda 80 okuwça niýetlenen 51-nji mekdepde jemi 5 mugallymyň işleýändigini, 1-nji we 3-nji klas, 5-nji we 7-nji klas aralygyndaky okuwçylaryň goşulyp okadylýandygyny gürrüň berdi.

Mekdep direktory aýda bir gezek etrap merkezine gidip, hasabat berýär we aýlyklary, ruçka, depder ýaly zerur esbaplary alyp gelýär, obamyza awtobus gatnamaýar, ýollar hatardan çykan, köp mugallym başga ýerlere göçüp gitdi, saglyk öýüniň işgäri Bereket şäherinden gelip, alty aýda bir gezek doglan adamlary, ýogalanlary hasaba alyp gidýär.

Adamlaryň esasy daýanjy, güzerany gapysynda saklaýan goýun-geçisine, düýelerine bagly. Aljyrap, etrap merkezine golaý ýerlere göçüp başlanlar hem boldy, ýöne täze barjak ýerlerinden jaý almak üçin maddy mümkinçilikleri bolmansoň, adamlar dogduk obalarynda mydar edip, mejbury galmaly boldular diýip, Balkan sebitiniň iň çet obalarynyň biriniň ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlygyň bir habarçysy geçen hepde Gyzylarbat etrabynyň merkezinden 40 kilometr demirgazykda, Ahal sebiti bilen araçäkde ýerleşýän Tutly daýhan birleşigine baryp gördi. Onuň sözlerine görä, bu daýhan birleşigi il içinde soňky ýyllar “Ýewropa obasy” diýlip atlandyrylýar.

Aýdylmagyna görä, Tutly daýhan birleşiginde, Kirpili, Ýalkym, Çägeli obalarynda 8400 çemesi adam ýaşaýar we, häkimiýetler düşünmese-de, olar Garagum kanalyndan gelýän suw bilen maşgala ekläp bilmejekdiklerine has öňräk göz ýetiripdirler.

“Obada işe ýaraýan erkek göbekli tas galmady, bu daýhan birleşigine indi “Ýewropa obasy” diýýärler, sebäbi bu obanyň ýigitleri harby gullugy tamamlap ýetişdigi Germaniýa, Polşa işlemäge gidýär” diýip, Azatlygyň habarçysynyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Ýewropa işlemäge gidenleriň arasynda pul gazanyp, şol döwletlerde özlerine öýlenmäge gyz tapyp, öýlenip galýanlaryň hem sany köpelýär.

Azatlygyň habarçysy bu obanyň birnäçe aksakgal ýaşulusy bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş bolup, olardan oba ýaşlarynyň ýa-da obanyň 23 ýaşdan 55 ýaşa çenli erkekleriniň daşary ýurtlara iş gözläp gitmeklerine nähili garaýandyklaryny sorady.

Ýaşulular bir-birinden habarsyz şol bir jogaby berdiler, ýagny garran wagtlary direg, daýanç bolmaly ogullarynyň we agtyklarynyň obadan gitmegine iş, gazanç bolan ýagdaýynda rugsat bermejekdiklerini, sebäbi bir gün ömür tanaplary üzülse, olaryň tabytlaryny götermegini isleýändiklerini aýtdylar.

“Eger obada galsalar, çagalaryny iýdirip, geýdirip bilmeýärler, okuw, mekdep çykdajylaryna pullary bolmaýar, jaý edinmeli, bärde gazanýan pullary hiç zada ýetmänsoň, gitmeklerine rugsat bermäge mejbur bolýarys” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

“Öýlenip, gelnini we çagalaryny goýup gidýän ýaşlarymyz hem köp, olaryň gidip işlemegi, gazanç etmegi gowy zat, ýöne bu meseläniň erbet tarapy hem bar” diýip, radionyň bir söhbetdeşi aýralygyň käbir maşgalalary bozýandygyna hem ünsi çekdi.

Lebapdaky habarçymyz hem obalardaky durmuş derejesiniň gitdigiçe aşak gaçýandygyny habar berýär.

Onuň sözlerine görä, obalara baryp, adamlaryň ýaşaýyş, durmuş şertlerini göreniňde, olaryň şäher ýerlerinde ýaşaýanlardan gaty yza galandygyna göz ýetirýärsiň.

“Köp erkek obalarda maşgalalaryny goýup, daşary ýurtlara işlemäge gitdi, olar daşary ýurtdan pul iberip, çagalaryny ulaltjak bolýar. Gidenleriň köpüsi yzda galanlara pul iberýär, ýöne pul iberip bilmeýänler hem bar. Dürli ýagdaýlar bolýar, maşgalalaryň bozulmagy köpeldi” diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, işsizlik, gazanç mümkinçilikleriniň bolmazlygy adamlary ýaramaz endiklere itekleýär, arak, şerap içýänler gaty köpeldi diýip, habarçy aýtdy.

Ýollar, oba infrastrukturasy barada aýdylanda, ähli ýerde horazyň sesi bir çykýar, Lebapda hem 1975-1980-nji ýyllarda asfalt düşelen ýollar tozdy, elektrik üpjünçiligi ýaramaz...

“Oba ýerlerindäki tok günüň dowamynda iň azyndan 5 gezek, käte 10 gezek kesilýär. Obada tok bolmasa, agyz suwy meselesi hem kynlaşýar, sebäbi adamlar içjek gyz suwlaryny elektrik bilen ýer astyndan çykarýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

“Ýapdan gelýän bulanyk suwy mallar hem içmek islemeýär” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Daýhançylykdan günlükçilik düşewüntli

Işsiz adamlar irden awtobusa münüp, Türkmenabadyň merkezi bazaryna gidýärler. Olar tapan işlerini edýärler, ulagy bar adamlar şäher taksileriniň işlemeýän ýerlerinde kireý edýär. Obalarda daýhançylyk bilen meşgullanýan adam gaty az, sebäbi kärende ýerinde işleýän adamlaryň alýan girdejisi gaty az. Bu ýagdaýa adamlary şähere gidip, günlükçilik etmäge mejbur edýär diýip, habarçy aýtdy.

Beýleki sebitlerde bolşy ýaly, Lebapda hem mekdepler, çagalar baglary ençeme ýyllar remont, bejergi görmeýär. Ýapylan çagalar baglary hem köp...

Soňky birnäçe ýylda, Türkiýedäki ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, türk lirasynyň hümmetiniň peselmegi bilen, Polşa, Germaniýa, Russiýa, Dubaý, Katar ýaly uly döwletlere işlemäge gidýänler köpelýär diýip, söhbetdeşlerimiz aýdýar.

“Soňky iki ýylda Türkiýä gitmek isleýän türkmenler azaldy, sebäbi türk lirasynyň infilýasia derejesi ýokary, türk döwletini diňe koridor, geçelge hökmünde ulanýarlar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

“Esasy gazanç çeşmesi pagta ýa-da bugdaý bolan daýhanyň, döwletiň ýylda bir gezek berýän ujypsyz puly bilen güzeran aýlamagynyň mümkin däldigi çaga-da düşnükli, türkmen hökümeti daýhanyň hakyny indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri halal tölänok” diýip, söhbetdeşimiz oba halkynyň bu hökümetden gaty ýadandygyny hem sözüne goşdy.

Onuň sözlerine görä, obalarda ähli zat mesele, suwam mesele, internetem, işsizlik iň uly mesele, saglyk hyamzatlary, bilim hil taýdan gaty pese gaçdy; bu ýagdaý oba ilatyny çykalga gözlemäge mejbur edýär.

“Obada ýaşaýan adam gitdigiçe azalýar, ýetişip gelýän nesil oňat ýaşamak, tiz baýamak isleýär, Türkmenistanda pensiýa çykýançaň ýer dyrmap işleseň-de, baýamak mümkin däl. Adamlar muny örän gowy bilýärler. Ýöne olar döwlete açyk ýüzlenip, iş soramakdan, aýlyklaryň köpeldilmegini talap edip, protest bildirmekden gorkýarlar we ýurdy terk edip, öz protestlerini parahatçylyk bilen beýan edýärler” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň pikiriçe, ýurtdaky agyr şertler diňe oba adamlaryny däl, iri şäherleriň ýaşaýjylaryny hem maşgalalaryny yzda goýup, barha kän daşary ýurtlara gitmäge mejbur edýär.

Ozalky suw gurluşyk inženeri we diplomat, häzir Awstriýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Hanamowyň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň obalaryndaky agyr ýagdaý 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri dowam edýär we gitdigiçe agyrlaşýar.

Ol Azatlyk bilen eden gysgaça söhbetdeşliginde prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu ýagdaýa düşünmelidigini we, öňki iki prezidentiň goýberen düýpli ýalňyşlygyndan sowulyp, hakykatdanam ýurt aladasyny etjek bolsa, oba adamlarynyň aladsyny hem hökman etmelidigini aýtdy.

Türkmen metbugatynyň geçen ýylyň tomsunda beren habaryna görä, hökümetiň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrylan işleriň netijelerine we öňde durýan wezipelere bagyşlanan giňişleýin mejlisinde prezidentiň gol çeken kararlary esasynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy kabul edildi.

Ýöne faktlar, öňki prezident döwründe işlenip düzülen maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi baradaky dabaraly habarlaryň arasynda, onlarça geňeşligiň ýatyrylýandygyny, onlarça obanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýrylýandygyny görkezýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
MTS-iň’ hyzmatlary kesilensoň, ençeme oba telefon aragatnaşygyndan mahrum boldy
Prezidentiň wideoşekilli maslahatynda oba, etrap ýollarynyň ýagdaýy agzalmaýar
Akýaýlanyň adamlary emeli köl taslamasynyň obalaryny ýykyp, çagalaryny okuwsyz goýandygyny aýdýarlar
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy