Aşgabadyň demirgazyk böleginde, Çoganly şäherçesinde içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin gurlan täze kottejler toplumy açyldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap kottejler toplumynyň toý bagyny kesip, toplumyň çägine girip, dolandyryş binasyna baryp gördi. Onuň diwarynda içeri işler gullugynyň weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň diwar heýkeliniň şekili ýerleşdirildi. Bu ýaşaýyş toplumyna Içeri işler ministrliginiň düzüminde köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz zähmet çeken M.Berdimuhamedowyň ady dakyldy.
Döwlet Baştutany jaýlaryň birine baryp gördi hem-de öý eýesiniň jaýyň içki abadançylygy, amatlylygy hem-de bezegi baradaky pikiri bilen gyzyklandy.
Bu kaşaň jaýlarda mähriban halkymyzyň däp-dessurlarynyň ruhunda baýramçylyk, maşgala çärelerini guramak, myhmanlary kabul etmek, toýlary we sadakalary, beýleki dabaralary geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Şeýle ýaşaýyş jaýlary gurlanda, ýaşaýyş-durmuşyň däp bolan ýörelgeleriniň aýratynlyklary hem-de ýaşaýjylaryň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulýar. Kottejleriň gurluşygynda ýerli çig maldan öndürilen ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanyldy.
Maşgalabaşy, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň polisiýa bölüminiň gözegçisi Röwşen Agaýew jaýa ýanaşyk 8 sotok mellek ýerinde bolsa hojalygy ýöretmek, gök ekerançylyk ýa-da bagçylyk bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň bardygyny gürrüň berdi.