Meksikaly nanbaýlar 20 müň 689 galyp çöregini jemläp, ondan 206 metr meýdany bolan dünýäde iň uly çörek mozaikasyny düzdüler. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabyna salgylanyp, “United Press International” habarlar agentligi habar berýär.
Puebla şäheriniň Sakatlan etrabyndan bäş nanbaýdan ybarat topar Meksikanyň “Dia-de-los-Muertos” güni üçin dünýäde iň uly çörek mozaikasyny taýýarlamak boýunça rekord goýdy.
Ginnesiň rekordlar kitaby çörek bişirijilere mozaika düzülen ähli çöregi taýýarlamak üçin iki hepde gerek bolandygyny habar berdi.