Çörek kärhanalarynyň işgärleri çöregiň öndüriliş şertlerine alada bildirýär

Çörek kärhanalarynyň işgärleri çöregiň öndüriliş şertlerine alada bildirýär

“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň paýtagt Aşgabatda ýerleşýän çörek kärhanalarynyň işgärleri çörek önümleriniň öndüriliş şertlerine alada bildirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji iýulda sebitden maglumat berdi.

“Ilata arzan bahadan satylýan ýerli undan taýyarlanylýan çöregi elekden elenmän, un haltasy açylyp, haltasy bilen hamyr garýan çanaga gaplanýar. Soňra-da krantyň suwy çanaga akdyrylýar we artygrak nahar duzy garylyp, çöregiň hamyry taýýarlanýar” diýip, Atamyrat Nyýazow köçesiniň ugrunda ýerleşýän 1-nji çörek kärhanasynyň bir işgäri anonm şertde aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, işgärler ýörite eginbaşlar, agyz örtükleri we düzüminde hlor bolmaýan, iýmit bilen baglanyşykly ulanmaga rugsat berilýän arassalaýjy we dezinfeksiýa serişdeler bilen hem üpjün edilmeýär.

“Sowadyjy enjamlaryň işlemezligi, jaýyň içini şemallatmak üçin äpişgeleriň açyk bolmagy, otag içine dürli guşlaryň we mör-möjekleriň girmegine getirýär” diýip, işgär belledi.

Habarçymyz bilen anonim şertde söhbetdeş bolan paýtagtyň “Teke bazaryna” duldegşir ýerleşýän 2-nji çörek kärhanasynyň we 9-njy etrapçada ýerleşýän çörek kärhanasynyň ençeme işgäri hem bu aýdylanlary tassyklady.

Olar bularyň çöregi bişirmek baradaky düzgünnamada görkezilen talaplara gabat gelmeýändigini we näsazlyklaryň ýylyň-ýylyna dowam edip gelýändigini aýtdylar.

“Un ýörite elek enjamyndan geçirilmeli. Şeýle-de, suw hem, onuň hiline görä, suw filtrinden geçirilip, arassalanmaly. Ýöne bu amal edilmeýär. Daşyndan göräýmäge, suw filtrden geçirilip, arassalanýan ýaly bolup görünse-de, hakykatda filtriň içi boş bolup, krantdan akdyrylýan suwdan tapawudy bolmaýar” diýip, başga bir işgär belledi.

Olar bu näsazlyklaryň sebäbiniň kärhanalardaky uny elekden geçirýän enjamlaryň, suwy filtrleýän gurallaryň we sowadyjylaryň möhleti geçip, hatardan çykandygyna garamazdan, täzelenmeýändigi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

“Kärhana ýolbaşçylary ykdysady krizis sebäpli enjamlary täzelemek üçin döwlet tarapyndan ýeterlik maliýe serişdesiniň goýberilmeýändigini aýdýarlar. Olar bu enjamlary kärhananyň hasabyna maliýeleşdirmegiň hem mümkin däldigini, şol sebäpli bar zatlar bilen oňşuk etmelidigini belleýärler” diýip, başga bir işgär belledi.

Işgärler çörek önümleriniň öndüriliş şertlerine we hiline gözegçilik edýän döwlet edaralarynyň barlagçylarynyň hem bu ýagdaýlara göz ýumýandygyny aýdýarlar.

“Barlagçylar her gezek gelende öz almaly hakyny, parasyny alyp, “talaba laýyk” diýlen netije çykaryp, delilnama düzýärler” diýip, işgär belledi.

Şol bir wagtda, işgärler çörek önümleriniň öndüriliş şertleri bilen bagly meseleleriň çöregiň hiline ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdyp, munuň ilatyň saglygyna howp abandyryp biljekdigine alada bildirýärler.

“60 teňňeden satylýan bu buhanka çörekler paýtagtyň döwlet dükanlary bilen bir hatarda, Aşgabadyň çäginde ýerleşýän harby bölümlere iberilýär. Şäher ýaşaýjylary bilen bir hatarda, esgerler hem bu çörekden iýýär. Içeri işler ministrliginiň we Goranmak ministrliginiň harby bölümleri hem şu çörek bilen üpjün edilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly işgär belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginden, agzalan çörek kärhanalaryndan we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş müdirliginden teswir alyp bilmedi.

Ýöne bu habar, döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan buhanka çöreginiň hiliniň ýaramazdygy, käte onuň içinden dürli garyndylaryň çykýandygy, şeýle-de içiniň poslandygy we gatap galandygy barada Azatlygyň yzygiderli çap edýän maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Habarçymyz bu ýagdaýlara garamazdan, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, köp hojalygyň ýeňillikli buhanka çöregine garaşly bolup galýandygyny aýdyp gelýärler.

“Ilat arzan çöregiň hilinden örän nägile, ýöne olarda saýlamaga başga mümkinçilik ýok” diýip, paýtagtdaky habarçymyz 22-nji iýulda aýtdy.

Bellesek, geçen hepde Maryda ýerleşýän däne ammarlarynyň, elewatorlaryň işgärleri bugdaý hasylynyň saklanyş şertlerine hem alada bildiripdiler. Ýerli hünärmenler bugdaý däneleriniň ammarlarda talabalaýyk saklanylmazlygy bilen bagly meseleleriň un zawodlarynda öndürilýän ýerli unuň hiline ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdypdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň bazarlarynda ýerli un tapdyrmaýar, söwdagärler onuň gymmatlajakdygyny duýdurýar
Türkmenabatda azyk nobatynda ýakalaşyk boldy
Azyk gytçylygynyň arasynda hojalyklar gizlin bişiren çöregini ilata hödürleýär
Türkmengala un we unaş önümleri kärhanasynda 902 tonna unaş öndürildi
Wakfykebir Çöregi
Aşgabadyň öýe eltip bermek hyzmaty bilen çörek bişirýän ýerleri