“Çölleri özleşdirmegiň meseleleri” halkara ylmy-amaly žurnaly gurak howa şertlerinde tebigatdan peýdalanmagyň meselelerini beýan edýär.Türkmenistandan, Russiýadan, Hytaýdan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Täjigistandan we Ysraýyldan pudak bilermenleri neşiriň redaksion geňeş agzalarydyr, žurnalyň sahypalarynda dürli ýurtlaryň alymlarynyň makalalary çap edilýär. Žurnal Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri barada döwlet komitetiniň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň howandarlygynda indi ýarym asyr wagt bäri neşir edilýär.
Žurnalyň nobatdaky sany “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töweregindäki Çölüňgyr tekiz belentliginiň, Üçtagan gumunyň, Gaplaňgyr Üstýurt töwereginiň, Garagum düzlüginiň, Günbatar Üňüz aňyrsynyň, Sarygamyş kölüniň töwereginiň, Uzboý jülgesiniň landşaft- ekologiýa şertlerine syn bilen açylýar. Makalany ýazan türkmen alymlary şol ýerleri antropogen täsiri şertlerinde ulanmak, şeýle hem çölleşmek ýagdaýyny bökdemek boýunça çärelere syn berýärler.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagasty ministrliginiň Fiziologiýa ylmy-klinika merkeziniň hünärmenleri edara işiniň saglyga täsiri barada lukmançylyk-durmuşy barlaglaryň netijeleri bilen tanyşdyrýarlar.TYA-nyň Biologiýa we dermanlyk ösümlikler institutynyň alymlary ýurdumyzyň şertlerinde ýetişdirilen, bizde köpçülikleýin ýetişdirlip bilinjek Günorta Amerikada ösýän stewiýanyň peýdaly sypatlaryny öwrenmegiň netijeleri barada makala taýýarlapdyrlar.
Köpetdagda ösýän ýabany ösümlikleriň üç ýüzüsi, şol sanda seýrek duşýanlary orhideýalar, alwaljyklar, zagpyranlar, tekesakallar barada makala suratlary bilen ýerleşdirilipdir.
Türkmen mikrobiologlary birnäçe ýyl bäri öýjük-dokuma derejesinde gowaçanyň guraklyga çydamlylygyny öwrenýärler. Žurnalda bu ugurda alnan netijeler barada makala çap edilipdir. Ylmy barlaglar bu ekiniň howanyň guraklaşma şertlerine uýgunlaşmagyny gazanmagy maksat edinýär.
TOHU-nyň doşenti Öwez Sopyýew bilen Gaplaňgyr goraghanasynyň işgäri Arazmyrat Amanowyň makalasynda suwda ýüzýän we suwa golaý ýerlerde ýaşaýan guşlar barada gürrüň edilýär. Awtorlar Sarygamyş kölünde we Aral deňzinde ýaşaýan guşlaryň görnüşlerine deňeşdirme seljerme berýärler. Türkmen gerpentologlarynyň topary “Gyzyl kitaba” girizilen garagaýşaga gözegçiligiň netijeleri bilen tanyşdyrýarlar.
Biolog alymlar ýurdumyzda sugunlary ýerleşdirmek mümkinçiliginiň pikirini edýärler. Häzirki wagtda Amyderýa goraghanasynda onuň tokaý suguny görnüşiniň 60 başy ýaşaýar. Soňky ýyllarda onuň ýerli populýasiýasynyň baş sanyny artdyrmak üçin ot-iýmlik binýadyny dikeltmek, tokaýlaryň meýdanyny giňeltmek, şeýle hem soňy bilen tebigyta goýbermek üçin olary malhanada köpeltmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär.
“Aral we onuň meseleleri” rubrikasynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Gazagystandaky Ýerine ýetiriji direksiýasynyň wekilleriniň makalalary ýerleşdirilipdir, olar ýerli ekologiýa ulgamynyň tebigy-serişde mümkinçiligini saklap galmagyň meselelerine garaýarlar.
AHEHG-nyň ÝÝD-nyň Nukus (Özbegistan) şahamçasynyň hünärmenleri Aral deňziniň ýakasynyň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Maksatnamalaryň üçüsiniň çäklerinde durmuşa geçirilen tokaýlary dikeltmek boýunça taslamalar barada gürrüň berýärler.Häzirki wagtda Aral deňziniň ýakasynyň ýurtlaryna kömek bermek boýunça dördünji Maksatnama işenilip taýýarlanylýar.
“Gysga habarlar” bölümi Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň çägeleriniň fitomeliorasiýasynyň aýratynlyklary, Sumbar jülgesiniň suw-fiziki sypatlary, gurluşyk hennekleriniň rekultiwasiýasy barada habar bilen tanyşdyrýar.
Daşary ýurtly awtorlar Baltika deňziniň gündogar kenaryndaky Kurşa çägesöw zolagynyň dýunalaryny saklap galmagyň, şeýle hem Balhaş düzlüginiň günorta-çünbatar bölegini tutýan Ili derýasynyň deltasynda radionuklidleriň toplanmagynyň meselesini gozgaýarlar. Gazagystanyň Botanika we fito-introduksiýa institutynyň işgäri Nikolaý Zwerew Türkmenistanda we Gazagystanda hakyky pissäniň hem-de adaty badamyň ösüş depginlerine syn etmegiň netijeleri barada gürrüň berýär.
Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça döwletara iş toparynyň Ylmy-habarlar merkeziniň hünärmenleri ýerasty süýji suwly gatlagy agtaryp tapmagyň esasynda Liwiýa çölünde alnyp barylýan suw geçirijisiniň gurluşygy barada gürrüň berýärler. Makalada gyzykly maglumat getirilýär: taslamany durmuşa geçirmek üçin sarp edilen materiallara Heopsyň piramidalarynyň 16-syny bina edip boljak eken.