Çöllük Türkmenistan Beýik Britaniýadan 10.000 tonna çäge satyn alýar

Çöllük Türkmenistan Beýik Britaniýadan 10.000 tonna çäge satyn alýar

"Andrew Bowen Limited" britan kompaniýasy Türkmenistanda at çapyşyk ýodalaryna täze örtük ýazmak boýunça türkmen hökümetiniň wekilleri bilen bahasy £1 millionlyk ylalaşyk baglaşdy. 20-nji fewralda kompaniýanyň ýolbaşçysy Saýmon Boweniň (Simon Bowen) Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, bu ylalaşyga laýyklykda, kärhana aprele çenli Türkmenistanyň çapuw ýodalaryny örtük, oňa zerur materiallar, şol sanda Britaniýanyň Lankasşaýr okrugyndan 10.000 tonnalyk çäge bilen üpjün eder.

Türkmenistanda at çapyşyk ýodalaryna britan kompaniýasynyň bahasy 1 mln funt sterlinge barabar örtük ýazýandygy baradaky habar ilkibaşda, 16-njy fewralda ýerli iňlis metbugatynda, Blekpulyň “The Gazette” ýerli neşirinde çykdy.

Habar penşenbe güni BBC kanalynda-da berildi.Britan media serişdeleri tutýan meýdanynyň agramly bölegi çöl bolan Türkmenistanyň tonnalap satyn aljak çägesi barada gürrüň edýär.Kärhananyň ýolbaşçysy Lankasşaýrdan telefon arkaly Azatlyga beren gürrüňinde Türkmenistana ugratjak materiallary barada gürrüň berdi: “Çäge çapuw ýodasynyň örtügini ýazmak üçin zerur bolan ençeme önümiň diňe biridir. Çapuw ýodalaryna çäge hem-de sintetiki süýümli örtük ýazylýar, soňra biz olary şekillendirmek we nemlendirmek üçin hem-de ýognatmak üçin gyzgyn mum goşýarys” diýip, Bowen Azatlyga aýtdy.

Ol türkmen hökümeti bilen şertnama gol çekişleri barada gürrüň berdi, çapuw ýodalarynyň örtük üpjünçiligi boýunça taraplaryň arasyndaky gepleşikler 2019-njy ýylyň noýabrynda başlady.Kompaniýanyň ýolbaşçylary fewralyň başynda Stambulda türkmen hökümetiniň wekilleri bilen degişli ylalaşyga gol çekdiler. “Munuň üstünde Kristmas baýramçylygynyň öňýany, noýabryň aýaklarynda dekabryň başlarynda işlenilip başlanyldy.

Kristamasa çenli gepleşiklere dowam edildi.Kristmasdan soň işe çykyp, 2-3 hepde işleri çözüşdirdik, soňra meniň biznes hyzmatdaşym Dewid Endrýuwz (David Andrews) Stambula baryp, oglanlar bilen, [türkmen] resmileri bilen duşuşdy. Şol ýerde biz ylalaşdyk, şertnama gol çekişdik we edil ertesi güni işe girişdik” diýip, Bowen aýtdy. Ýöne britan mediasy bir soragyň jogaby bilen gyzyklanýar?

Bu soragyň jogaby britan mediasy bilen bir hatarda köpleri gyzyklandyrýar.Näme üçin çöllük Türkmenistan Beýik Britaniýadan çäge satyn alýar? Ýerli neşire beren gürrüňinde kärhananyň ýolbaşçysy Bowen muny türkmen çägesiniň aýlawly gurluşy, iňlis çägesiniň bolsa burçlak gurluşy bilen düşündirdi: “Olarda çöl bolsa-da, onuň çägesi [örtük üçin] amatly däl. Çäge däneleri gaty tegelek, çapuw ýodalary üçin burçlak çäge däneleri gerek.

Biziň örtüklerimiz myssyjak, örän amatly, ne gaty gaty ne-de gaty ýumşak, tüýs atlaryň saglygy üçin hem-de olaryň çapmagy üçin ajaýyp amatly” diýip, Bowen aýtdy.BBC Türkmenistana eksport ediljek çäge barada beren habarynda, Boweniň sözlerine salgylanyp, çöllük Türkmenistanyň çägesiniň at çapyşyk ýodalary üçin amatly däldigini aýtdy. Ýöne Bowen Türkmenistana heniz çäge satmanka geçen wagtyň dowamynda, ozalky ýyllarda-da türkmen çapyşyk ýodalarynda atlar çapyşýardy, at ýaryşlary geçirilýärdi. Çapyşyk ýodalarynda onuň örtüginiň çägesi sebäpli atlar bilen haýsydyr bir hadysanyň ýüze çykandygy ýa-da däldigi şu wagta çenli ýerli we halkara media serişdelerinde habar berilmedi. Ýöne beýleki tarapdan, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirilen at çapyşygyna gatnaşyp, atdan ýykylypdy. Ýöne bu hadysanyň çapuw örtüginiň çägesi bilen baglydygy ýa-da däldigi barada maglumat berilmedi. “Lankasşaýryň çägesi ýurtda iň gowy çäge” diýip, Saýmon Bowen BBC kanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Türkmen metbugaty atçylyk pudagyna degişli desgalarda aprelde boljak haýsydyr bir açylyş barada heniz habar bermedi.Galyberse-de, Britaniýadan satyn alynjak 10 müň tonnalyk çäge barada-da döwlet metbugaty dymýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmeniň ahalteke bedewlerine besleýän çäksiz söýgüsi bilen giňden tanalýar.Türkmenistanda bedewlere milli gymmatlyk hökmünde garalýar.Her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda bedew baýramçylygy bellenilýär. 2010-njy ýylda ýurtda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi.

Gökdepäniň Aba Annaýew obasynda ýerleşýän atlar üçin ýokary amatlykly atçylyk toplumynda atlar üçin ýörite “Tiz kömek” saglyk merkezi, atlar suwa düşer ýaly ýörite howuzlar, olar üçin ýörite ýelejirediji ulgamlar we beýleki şertler bar.

Toplumyň çägine girýän awtoulaglar sanitariýa arassaçylygyndan geçirilýär.Türkmenistanda atlaryň hukuklary we mümkinçilikleri kanunçylyk bilen hem berkidilýär, atlar üçin ýörite pasport çykarylýar, olar ölen ýagdaýynda döwletiň görkezmesi bilen bellenen at gonamçylygynda jaýlanýar, ýazgydaky atlar ölende olary soňky ýoluna ugratmak çäresine bellenen döwlet emeldarynyň gatnaşmagy kanunçylyk esasynda talap edilýär.

Türkmenistan Beýik Britaniýadan çäge satyn alsa-da ýurduň prezidenti mundan ozal Garaguma we onuň çägesine bagyşlap aýdym ýerine ýetiripdi.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Britan kompaniýasy £1 mln-a Türkmenistanyň at çapyşyk ýodalaryna täze örtük ýazar
Britan kompaniýasy £1 mln-a Türkmenistanyň at çapyşyk ýodalaryna täze örtük ýazar
Londondaky deňlikden soň “Mançester Siti” 1-nji orunda galdy
Ýylyň futbolçysy we tälimçisi kim bolar?
“Mançester Ýunaýted” hem-de “Arsenal” üçin ýaryş tamamlandy
Ilkinji gezek açyk kosmosa çykdy