Çölleri özleşdirmegiň meseleleri“ žurnalynyň çap edilip başlanyna 50 ýyl doldy

Çärýekde bir çykýan žurnalyň ýubileý sany bu şanly waka bagyşlanypdyr. Ol redaksion geňeşiň neşiriň taryhy barada gürrüň berýän makalasy bilen açylýar. Onda 1977-nji ýylda BMG-nyň Halkara maslahatynda kabul edilen Çölleşmäge garşy hereketleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem BMG-nyň 1994-nji ýyldaky çölleşmäge garşy göreş we guraklygyň netijelerini peseltmek boýunça Konwesiýasy mynasybetli onuň meşhurlygynyň artmagy seljerilýär.

Neşiriň sahypalarynda çap edilýän ylmy-amaly we usulýet makalalara Amerikanyň Allerton-Press“ (Nýu-Ýork şäheri) gyzyklanma bildirýär, ol 1977-nji ýyldan 1992-nji ýyllar aralygynda žurnalyň iňlisçe görnüşini çap etdi. Şol neşirler neşiriň redaksiýasynyň ýerleşýän ýeri bolan Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň kitaphanasynda saklanylýar.

1993-nji ýylda žurnalda Aral we onuň meseleleri“ we Önümçilige kömek“ atly täze rubrikalar peýda boldy. Onuň ýubileý sanynyň makalalarynyň üçüsi Aral meselesine-Günorta Aral sebitinde çölleşmäniň ýagdaýyna, öri meýdanlarynyň mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna we gurak ýerleriň ekoulgamy üçin suwuň ähmiýetine bagyşlanylypdyr.

Hazar ýakasynyň zaýalanan ýerlerini biologik taýdan dikeltmäge, tebigy we atropogen geografiki ulgamlaryň giňişlik-wagt aragatnaşygyny öwrenýän gazak alymlarynyň işine, şeýle hem Murgabyň inženerçilik-geolog şertlerine, Özbegistanyň Buhara weýatynda ýerden rejeli peýdalanylyşyna, Köpetdagyň seýrek duşýan dermanlyk ösümliklerini öwrenmäge bagyşlanan maklalar toplumy neşir edilipdir.

Suwaryşda topragyň melioratiw ýagdaýynyň seljermesi, Türkmen kölüniň Baş zeýkeşiniň bölekleriniň birindäki suwuň hiliniň barlagy we Demirgazyk Türkmenistandaky süýji suwly gatlaklaryň ýataklary hakyndaky makalalar oba hojalyk önümlerini öndüriji hünärmenleri gyzyklandyrar.

Neşiriň ýarym asyrlyk taryhynda Merkezi Aziýanyň çölleriniň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmagyň dürli ugurlaryna bagyşlanan russiýaly we GDA ýurtlarynyň, hytaýly, eýranly, hindistanly, mongoliýaly siriýaly, malili, alžirli, ABŞ-ly we türkiýeli alymlaryň ýazan ylmy makalalarynyň ençemesi toplanyldy.

Žurnalyň täze sanynda dünýäniň iň uly çölleriniň biri Garaguma bagyşlanan makala ýerleşdirilipdir. Garagum diňe bir landştaf we biologik dürliligi bilen däl, eýsem ýangyç-energetika, mineral-çig mal hem-de oba hojalyk mümkinçilig bilen-de tapawutlanýar. Neşir howa we tebigaty goramak meselelerine, çöllerde hojalyk ýöretmegiň ylmy taýdan esaslansyrylan wajyp meselelerine-de seslenýär.

Žurnal Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň howandarlygynda Türkmenistanyň we BMG-nyň Ösüş Maksarnamasynyň bilelikdäki taslamasynyň goldamagynda neşir edilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Penjabyň arasyndaky söwdany ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy
17.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň golf-klubunyň işlemegine badalga berdi
http://zamanturkmenistan.com/?p=10332
28.11.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi
Prezident Berdimuhamdow Daşogzuň we Lebabayň häkimlerine soňky duýduryşlaryny berdi