Çöl serçesi Garagumda hemişelik ýaşaýan guşdyr

Gündogar Garagumyň merkezi böleginde, Repetek biosfera goraghanasynda üýtgeşik bir guş çöl serçesi ýaşaýar.Seýrek duşýan bu jandaryň ýaşaýan ýeriniň özboluşlylygy we tebigatda ýaşaýyş aýratynlygy sebäpli ol az öwreniliendir.

Tanymal türkmen alymy, biologiýa ylymlarynyň doktory, professor Eldar Rustamow Garagum çölüne elli ýyllap syýahat eden bolsa-da, çöl serçesine bary-ýogy birküç gezek gabat gelendiginden zeýrenýär.Gözegçilik edilen döwründe Repetek goraghanasynda olaryň sany 60 jübte golaýdy.

Dogrusy, bu maglumatam elli ýyl mundan ozalky.Türkmen guşlarynyň seýrek wekili hökmünde çöl serçesi eýýäm dördünji gezek Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1985, 1999, 2011, geljekde 2021-nji ýyllarda) girizilýär. Şu ýylyň maý aýynda ornitologik ekspedisiýa gatnaşanlara goraghanada olaryň birnäçe jübtüni görmek miýesser etdi.

Alym muňa garamazdan, bu guşlaryň esasy genofondy Türkmenistanda jemlenen hasaplaýar.Onuň pikirine görä, olar Merkezi we Gündogar Garagumda, Gyzylgumyň günorta çäginde mekan tutupdyrlar. Çöl serçesi Amyderýanyň sag kenaryndaky Sandykly gumunda-da duş gelýär.

Türkmenistanyň çäginden daşarda Gündogar Eýranyň gumlarynda duşýar.Olar selinli, sözenli, gandymly, ojarly gum depelerinde mekan tutýaralr.Sözende, seýrek ýagdaýda gandymda, sazakda, çerkezde, ýyrtyjy guşlaryň we çöl gargasynyň höwürtgeleriniň, hat-da çopanlaryň jaýlarynyň diwarlarynda ýa-da pagsa jaýlaryň üçeginiň aşagynda höwürtgeleýärler.

Olar aýry-aýry jübüt bolup, ýylda iki gezek höwürtgeleýärler. Ýazda ony nesil edinmek, güýzdir gyşda ýakymsyz howadan goranmak üçin ulanýarlar. - Bu guş aslam az sanly, örän seýrek duşýan, ejiz guş.

Biziň gözegçiliklerimize görä, çölüň zabun şertlerinde ýumurtgalarynyň we jüýjeleriniň ýary diýen ýaly ölýär.Mallaryň örüde köp bakylmagy, gyrymsy ösümlikeriň ýygylmagy, guşlara çem gelen höwesekler ýaly ýagdaýlar olaryň sanynyň azalmagyna getirýär.

Agyr howa şertlerine garamazdan, bir mekan tutan ýerinde hemişelik ýaşaýar.Bu guşuň barlygyny ylym jemgyýeti ilkinji gezek ýüz ýyldan hem gowrak mundan ozal syýahatçy we ornitolog Nikolaý Zarudnynyň Gündogar Garagumda ýüze çykaran çöl serçesini öwrenen russiýaly zoolog-sistemaçy, Peterburg Ylymlar akademiýasynyň akademigi Fýodor Pleskeniň işlerinden bilipdi. Şol döwürde ýurdumyzyň haýwanat dünýäsiniň bu wekilini Saharanyň gurak sebitlerinde ýaşaýan afrikaly kowumdaşy bilen bir hatarda çöl serçesiniň iki görnüş böleginden biri diýip ykrar edipdiler.

Diňe golaýda (on ýyl mundan ozal) Moskwanyň we Peterburgyň zoomuzeýlerinde saklanýan nusglaryny öwrenen nemes ornitologlary Garagumda ýaşaýan bu guşy özbaşdak görnüş diýip ykrar etdiler. Çöl serçesi Zakaspi ülkesiniň guşlaryny öwrenenleriň ilkinjileriniň biriniň hatyrasynya Zarudnynyň serçesi ady bilen Dünýä guşlary maglulamtlar kitabyna girizildi.

Ýene degişli makalalar

Professor Eldar Rustamow ylmy işe başlamagynyň 50 ýyllygyny belledi
Ýakyn taryhyň çatrygynda: Türkmen metbugatynyň irki sepgitleri (3-nji bölüm)
...Hudaý sungatlarda maňa zehin baryn eçilipdir
26-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ýerden durnukly peýdalanmak durmuş-ykdysady ösüşiň girewidir
Türkmenistanda guşlary hasaba almagyň gyşky möwsümi tamamlandy