Coddy programmirleme mekdebi Men we robot atly ussatlyk sapagyna çagyrýar

Coddy programmirleme mekdebi Men we robot atly ussatlyk sapagyna çagyrýar

Coddy programmirleme mekdebi çagalary we uly ýaşlylary robototehnika dünýäsine çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berjek Men we robot atly ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrýar.

Ussatlyk sapagyna gatnaşyjylar diňe bir robototehnikanyň esaslary barada nazaryýet bilimlerini alman, eýsem, ony iş ýüzünde hem ulanyp bilerler. VEX toplumlaryny peýdalanmak bilen, siz öz eliňiz bilen roboty ýygnap, onuň işlenip taýýarlanylyşynyň ähli basgançaklaryny ädimme-ädim özleşdirersiňiz.

Men we robot ussatlyk sapagy — bu diňe bir öwrediji tejribe däl-de, eýsem, bu ugurdaky zehiniňi görkezmek, döredijiligi kämilleşdirmek we geljegiň hakyky işläp taýýarlaýjysy bolmagyň ýoluna düşmäge ajaýyp mümkinçilikdir — diýip, Coddy mekdebiniň hünärmenleri belleýärler.

Ussatlyk sapagynyň spikeri — Coddy programmirleme mekdebiniň häzirki mentory Adyl Şukurlaýewdir.

Bu çäre 24-nji aprelde sagat 18:30-da şu salgyda geçiriler: Berkarar işewürlik merkezi, 1-nji gat, A7 ofisi.

Gatnaşmak üçin tölegi: 50 manat.

Çärä gatnaşmak üçin (+993 63) 42 67 51, (+993 63) 47 11 92 telefon belgileri arkaly habarlaşyp, şeýle-de şu salgylanma boýunça ýazylyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Terrorçy Azad Akynjy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Hekem gozgalmaýan emläk agentligi Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý pudagynda toplumlaýyn hyzmatlary hödürleýär
Türkmenistanly lukmanlar Germaniýada tejribe geçýärler
“Adyl kanun, şöhläň dünýä ýaýraýar”
NOWRUZ BAÝRAMYNYŇ TARYHYNDAN
Owganystanda Talibanyň guran hüjüminde 8 polisiýa işgäri ýogaldy