Iş Nokady hem-de Coddy halkara programmirleme mekdebi 11 ýaşly we şondan uly bolan mekdep okuwçylaryny Roblox platformasynda oýunlary işläp düzmek boýunça tomusky okuwlaryna çagyrýar.
Roblox Studio krossplatformaly oýun hereketlendirijisi bolup, 3D kompýuter oýunlaryny işläp düzmek üçin niýetlenendir. Onuň kömegi bilen oýun lokasiýalaryny döredip we üýtgedip bolýar. Roblox-y öwrenmek bilen, çaga logika taýdan we giňişlik pikirlenmesini ösdürmäge, şeýle hem ýokary derejeli Lua programma dilini öwrenmäge mümkinçilik alar.
Roblox Studio platformasy esasynda 3D oýunlary döretmegiň kursy programmirleme bilen gyzyklanýan, şeýle-de dizaýn ýa-da surat çekmek ukyby bolan okuwçylar üçin tüýs laýyk gelýän bilimdir.
Okuwlar 20-nji iýunda başlandy. Okuwlar hepdede iki gezekden 15:00-da hem-de 17:00-da geçirilip, 4 aýlap dowam edýär.
Ýazylmak üçin şu salgylanma girip ýa-da (+993 63) 47 11 92 we (+993 63) 42 67 51 telefon belgilerine jaň etmek arkaly ýüz tutup bilersiňiz.