Coca-Cola korporasiýasy tutuş dünýä boýunça 2 200-e çenli işgärini işden çykarar, bu işgärleriň 1 200-si ABŞ-da. Bu barada “The Wall Street Journal” neşirine salgylanmak bilen TASS habar berýär.
Işden çykarylmagy göz öňünde tutulýanlaryň sany korporasiýanyň ähli işgärleriniň sanynyň 12%-ine deň.Gazet şeýle kararyň sebäbiniň “kompaniýanyň üýtgedip gurmak çärelerini çaltlaşdyrýan” SARS-CoV-2 koronawirus pandemiýasydygyny belleýär.
Kompaniýa iş orunlarynyň sanynyň azaldylmagy ýyllyk çykdajylarynyň 350 million dollardan 550 million dollar aralygynda tygşytlanmagyna getirer diýip çaklaýar.Neşir Coca-Cola-nyň içgileriň satuwyna täsir eden restoranlaryň, barlaryň we kinoteatrlaryň ýapylmagy sebäpli çykdajylaryny azaltmaga mejbur bolýandygyny düşündirýär.
Korporasiýa Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Afrikanyň, Latyn Amerikanyň, Demirgazyk Amerikanyň, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň, şol sanda Russiýanyň bazarlarynda bar.Coca-Cola Company 1892-nji ýylda esaslandyryldy, onuň ştab-kwartirasy Atlantada (Jorjiýa ştaty) ýerleşýär.
Kompaniýanyň iň meşhur brendleri - Coca-Cola, Fanta we Sprite.Umuman alanyňda, kompaniýanyň 500-den gowrak brendi bar.Guýma boýunça hyzmatdaşlar bilen birlikde kompaniýada 700 müňden gowrak adam işleýär.