Aşgabatda “Coca-cola” kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Göktüg Gözütog aradan çykdy diýip, “Azatlyk” radiosy habar berýär.
Göktüg Gözütogyň ölümi bilen baglylykda “Coca-cola içejek” kompaniýasynyň adyndan ýazylan gynanç habary Türkiýäniň “Hurriýet” gazetinde çap edildi. Emma onda Gözütogyň aradan çykan wagty we ölümiň sebäpleri görkezilmeýär.
Radionyň Türkmenistandäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Göktüg Gözütog Aşgabatda öz janyna kast etdi.
“Coca-colanyň” wekilhanasynyň başlygynyň “Oguzkent” myhmanhanasyna degişli binadan özüni taşlap, janyna kast edendigi anyklandy” diýip, Radionyň çeşmeleri habar berdi.
Aşgabadyň “Oguzkentinde” hem bolan wakany tassykladylar.
Käbir maglumatlara görä, Göktüg Gözütogyň Türkmenistanda bu kompaniýanyň işi bilen baglylykda maliýe problemelary döräpdir.
Ýatladýarys, krizis bilen baglylykda türkmen kompaniýalary, şol sanda “Coca-Cola” üçin walýuta konwertasiýasyna çäklendirmeler girizildi.
Zerur bolan goşundylary import etmekdäki problemalar zerarly 2018-nji ýylda kompaniýanyň içgi öndürmeginde bökdençlikler döredi.Kompaniýanyň maliýe problemalarynyň Göktüg Gözütogyň ölümi bilen baglanyşygy barmy ýa-da ýok, bu mälim däl.