
Belgiýanyň Federal Azyk zynjyrynyň howpsuzlyk agentligi (FASFC), Coca-Cola Europacific Partners Belgiýa tarapyndan öndürilen biri-birinden tapawutly önümlerini, çakdanaşa hlorat maddasynyň barlygy sebäpli ýygnatmak barada karar alandygyny habar berdi.
Beýanatda, 328 GE-338 GE aralygyndaky önüm kodlaryna eýe bolan Coca-Cola, Fanta, Sprite, Fuse Tea, Nalu, Minute Maid, Tropico we Royal Bliss markalaryna degişli guty we aýna çüýşelerdäki içgiler, şeýle hem bu önümleriň dürli görnüşleriniň yzyna çagyrylandygy bellenildi.
Sarp edijilere agzalan önümleri içmezlikleri duýdurylan beýanatda, önümleriň satuw nokatlaryna gaýtarylyp bilinjekdigi barada maglumat berildi.
Belgiýa metbugatyna görä, ýygnalmaga başlanan Coca-Cola önümleri, noýabrdan bäri Belgiýanyň Gent şäherindäki desgasynda öndürildi.
Önümler, Belgiýadan daşary Gollandiýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Fransiýa we Lýuksemburg ýaly ýurtlara hem iberildi.
Hlorat, hlor esasly dezinfisirleme serişdeleriniň suw arassalamakda we azyk önümçiliginde ulanylmagy netijesinde ýüze çykýar.