“Coca-Cola” günde 60 müň blok içgini Türkmenistandaky dükanlara berýär

“Coca-Cola” günde 60 müň blok içgini Türkmenistandaky dükanlara berýär

Aşgabadyň 140 ýyllygynyň hormatyna paýtagtda “Ak şäherim Aşgabat” atly XX Halkara sergi geçirildi. Onda türkmen we daşary ýurt şirketleriniň önümleri hödürlendi.

“Туркменистан Coca Cola Bottlers şirketiniň baş direktorynyň kömekçisi Ogulsuraý Kömekowanyň “Türkmenportala” habar bermegine görä, “bu içgilere talabyň ýokarlanandygy üçin” zawod onuň önümçiligini ösdürdi.

Häzirki döwürde “Coca Cola” Türkmenistandaky dükanlara günde 60 müň blok (0,5 we 1 litr göwrümde Coca-Cola Classic, Coca-Cola Şekersiz, Fanta Mandarin we Sprite) sirop içgilerini berýär.

Bu zawod 13-nji we 15-nji maýda iki tender yglan etdi.

Olar binanyň üçegini täzelemek we kärhananyň işçilerini günde üç gezek nahar bilen üpjün etmek hyzmatyny hödürlemek barada.

2017-nji ýyldan Türkmenistandaky işewür adamlaryň walýuta konwertasiýa boýunça problemalary ýüze çykyp başlapdy.

“Coca Cola” öndürýän zawod wagtal-wagtal öz işini togtadypdy we önümçiligini täzeden ýola goýupdy.

Önümçilikdäki bökdençlikler içgileriň bahasynyň ýokarlanmagy bilen utgaşypdy.

Soňky gezek KHS-ler bu zawodda önümçiligiň täzeden dikeldilendigini 2020-nji ýylyň iýulynda habar beripdi.The post “Coca-Cola” günde 60 müň blok içgini Türkmenistandaky dükanlara berýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Coca Cola Bottlers HJ her gün 60 müň blok içgi öndürýär
Dünýäniň iň gymmat brendleri
Coca-Cola tutuş dünýä boýunça 2,2 müňe golaý işgärini işden çykarar
'Coca-cola Türkmenistan' önüm öndürmeýär, işgärleriniň aýlygyny gijikdirýär
Aşgabatda, Daşoguzda Coca-Cola önümleri gytalýar we gymmatlaýar
Türkmenistanda azyk önümleriniň bahalaryna syn