Coca-Cola çärýekleýin arassa girdejisini 14% ýokarlandyrdy

Coca-Cola çärýekleýin arassa girdejisini 14% ýokarlandyrdy

Dünýäniň iň uly alkogolsyz içgileri öndürijisi Coca-Cola Co. 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde arassa girdejisini 14% artdyryp, şu ýyl üçin çaklamasyny hem ýokarlandyrdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Iýul sentýabr aýlarynda kompaniýanyň arassa girdejisi bir ýyl ozalky 2,471 mlrd dollara ýa-da paý üçin 57 sente garşy 2,825 mlrd dollar ýa-da paý üçin 65 sent boldy.

Bir gezeklik faktorlary hasaba almazdan düşewünt 7% - paý üçin 69 sente çenli ýokarlandy.Girdeji 10,2% ýokarlanyp, 11,063 mlrd dollara ýetdi.Organiki öşüş 16% boldy.Geçen çärýek Coca-Cola-nyň Demirgazyk Amerikada girdejisi 21%, EMEA sebitinde (Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Afrika) 4%, Latyn Amerikasynda 12%, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde 4% ýokarlandy.

Natural aňlatmada satuw möçberi ýyllyk hasabynda 4% ýokarlandy. Şol sanda gazly içgileriň satuwy, esasan, Hindistanyň, Meksikanyň we Hytaýyň hasabyna 3% ýokarlandy. Şireli suwlaryň, süýtli içgileriň we ösümlik esasly içgileriň satuwy üýtgemedi, suwuň, sport içgileriniň, kofeniň we çaýyň satuwy bolsa 7% ýokarlandy.

Coca-Cola 2022-nji ýylyň jemi boýunça paý hasabynda düzedilen girdejiniň 6-7% ýokarlanmagyna garaşýar. Şeýle-de, kompaniýa girdejiniň organiki ösüşiniň öň çaklanan 12-13%-e garşy 14-15% bolmagyny göz öňünde tutýar. 2022-nji ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 2,8%, 242 mlrd dollara çenli peseldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen kompaniýalary Dubaýdaky tebigy we organiki önümleriň halkara sergisine çagyrylýar
Türkmen işewürleri Dubaýda geçiriljek organiki önümleriň sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmen gazynyň Hytaýa eksporty artsa-da, girdejisi peseldi
Türkmen gazynyň Hytaýa eksporty artsa-da, girdejisi peseldi
Barlag: Türkmenistanyň ýaşaýjylary tebigy serişdeleriň eksport edilmeginden hiç bir peýda görmeýär
Hazar 'ylalaşygy' türkmen gazynyň Ýewropa aşmagyna ýol açýarmy?