Coca-Cola alyjylary ýalňyşdyrmakda aýyplandy

Coca-Cola alyjylary ýalňyşdyrmakda aýyplandy

Bazaryň üýtgeýşini seljerýän The Changing Markets Foundation gaznasy Coca-Cola we Procter & Gamble ýaly uly kompaniýalary gaplamalaryň kömegi bilen alyjylary ýalňyşdyrmakda günäkärledi. Ýagny, brendler planetanyň hapalanmagyna garşy göreşýändiklerini aýtsalar-da, hakykatda bu beýle däl diýip, “The Guardian” habar berýär. Muny lenta.ru ýetirýär.

Derňewçiler käbir kompaniýalaryň ummana taşlanan plastikleri gaýtadan işlemek baradaky aýdanlaryny grinwoşing marketing maksatly tebigat barada ýalan alada diýip hasapladylar.Mysal üçin, Coca-Cola çüýşeleriniň 25%-iniň “deňiz” plastiginden taýýarlanandygyny nygtaýar, şol bir wagtyň özünde kompaniýa daşky gurşawy iň uly hapalaýjylaryň biri hasaplanýar. Ýene bir mysal önümler üçin karton gutusyny döreden Perfetti Van Melle kompaniýasy boldy gazna gabyň, aslynda, alýuminiý we plastigi goşmak bilen gaýtadan işlenilmeýän materialdan taýýarlanandygyny belleýär. Şeýle aýyplama Head & Shoulders şampunyna hem degdi, ony öndüriji serişde üçin gabyň kenardan ýygnalan plastikden döredilendigini aýdýar. Şeýle-de bolsa, çüýşäniň reňklenmegi onuň gaýtadan işlenilmeýändigini görkezýär.

Häzirki wagtda “plastik” paýyş söze öwrüldi.Sarp edijiler ony satyn almak bilen özlerini günäkär hasaplaýarlar, şonuň üçin brendler ýalňyşlyga getirýän köne marketing usullaryny ulanyp, olaryň aňlaryna täsir edýärler. Öndürijiler özlerini dünýä derejesindäki meseläni çözýän ýaly görkezýärler, hakykatda bolsa ony güýçlendirýärler.

Analitikleriň hasaplamalaryna görä, plastik önümçiligi 2040-njy ýyla çenli üç esse artar diýip, A Plastic Planet guramasyny esaslandyryjylaryň biri Sian Sazerlend düşündirýär.

Ýene degişli makalalar

Buker baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
Halkara energetika agentligi Türkmenistan bilen energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkider
HEA: 2030-njy ýylda nebite, gaza we kömre isleg iň ýokary derejä ýeter
HEA: gaýtadan dikeldilýän energetika elektrik togunyň esasy çeşmesi bolar
Halkara energetika agentligi 2022-nji we 2023-nji ýyllarda nebite islegiň derejesini peseltdi
2022-nji ýylda dünýäde elektromobil satuwy rekord derejä ýetip biler