Hytaýyň Milli nebit kompaniýasy CNPC Türkmenistana TOPH, ýagny “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” we “Transhazar” gazgeçirijileriniň gurluşygyna ýardam bermäge taýýar diýip, “CNPC halkara Türkmenistanyň” baş direktory Li Şulýan aýtdy.
“Energo Reforma” neşiriniň 6-njy noýabrda ýaýradan maglumatynda, Şulýanyň bu barada 2-4-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” atly halkara konferensiýada çykyş edendigi habar berilýär.
“Biz Türkmenistana TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygynda, şeýle-de Transhazar’ gazgeçiriji proýektiniň durmuşa geçirilmeginde ýardam bermäge taýýardyrys” diýip, Li Şulýan aýtdy.
Öz gezeginde, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Myrat Arçaýew TOPH gazgeçiriji proýektiniň işjeň görnüşde durmuşa geçirilýändigini ýatladyp, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Transhazar’ gazgeçirijisini gurmak baradaky proýektiň üstünde işleýändigini mälim etdi.
Habarda türkmen häkimiýetleriniň hytaý kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň eden çykyşyna anyk nähili jogap berendigi barada hiç zat aýdylmasa-da, Arçaýewiň häzirki wagt “Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý” gazgeçirijisi boýunça üç ugruň hereket edýändigini, bular arkaly her ýyl Hytaýa 40 milliard kubometr türkmen gazyny eksport edip bolýandygyny ýatladandygy bellenilýär.
Arçaýewiň sözlerine görä, Hytaýa akdyrylýan türkmen gazynyň möçberini ýylda 65 milliard kubometre çenli artdyrmak maksady bilen häzirki wagt bu gazgeçirijiniň dördünji ugruny gurmak planlaşdyrylýar. Bu ugra laýyklykda, türkmen gazyny Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üsti bilen Hytaýa akdyrmak göz öňünde tutulýar.
Ýatlap geçsek, Türkmenistan 2015-nji ýylda düýbi tutulan uzynlygy 1814 kilometrlik TOPH gazgeçiriji proýekti arkaly Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrmagy planlaşdyrýar.
Umumy bahasy 10 milliard amerikan dollaryna barabardygy aýdylýan TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygynyň 85%-ni maliýeleşdirmegi resmi Aşgabat öz üstüne aldy.
Sentýabr aýynyň 15-ne türkmen mediasy Türkmenistanyň TOPH-yň owgan bölegini gurmaga taýýarlanýandygyny habar berip, degişli daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde gazgeçirijiniň Owganystanyň we Pakistanyň çäginden geçjek böleginiň gurluşygyna başlanmaly döwre çenli amala aşyryljak çäreleriň deslapky tapgyrlarynyň kesgitlenendigini mälim etdi.
Şonda gazgeçirijiniň degişli böleginiň gurluşygyna 2018-nji ýylyň başynda girişmegiň hem-de 2019-njy ýylda tebigy gazy akdyryp başlamagyň planlaşdyrylýandygy aýdyldy.
Ekspertleriň ençemesi TOPH geçirijisiniň öňünde esasan iki kynçylygyň - Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň we Türkmenistandaky maliýe ýetmezçiliginiň durandygyny aýdýarlar.
Dünýäde tebigy gaz baýlygy boýunça ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan häzirki wagtda öz tebigy gazyny diňe Hytaýa satýar.