CNN: Donald Tramp ABŞ-nyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

CNN: Donald Tramp ABŞ-nyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

ABŞ-nyň Prezidentligine dalaşgär Donald Tramp şu günki saýlawlarda saýlawçylaryň wekilleriniň 276-synyň sesini alyp, ýeňşini baýram etdi. Munuň üçin syýasatça sesleriň 270-si ýeterlikdi. Bu barada ýurduň CNN habarlar agentligine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Şunlukda, Birleşen Ştatlarda ýurduň döwlet Baştutanynyň saýlawlary tamamlandy. Onda Ak tamyň öňki başlygy, Respublikaçylar partiýasyndan Donald Tramp we häzirki Prezidentiň orunbasary, demokratiýaçy Kamala Harris bäsleşdiler.

Tramp eýýäm özüni ýeňiji diýip, yglan etdi, ony dünýä döwletleriniň Baştutanlary gutlaýarlar.

Özüni ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti diýip yglan eden Tramp: Amerikanyň altyn asyry başlanýar diýip, Florida ştatyndaky Mar-o-Lagodaky mülkünde çykyşynda nygtady.

Ýurduň Wekiller palatasynyň başlygy Maýk Jonson Donald Trampy ýurduň halky tarapyndan saýlanan Prezident diýip atlandyrdy. Jonsonyň: Donald Tramp indi biziň saýlanan Prezidentimiz. Ony amerikan halky häzirki başdan geçirýän ýagdaýlarymyzda ýurdy dolandyrmak üçin saýlady diýen sözleriniň ýerli habar beriş serişdeleri getirýär. Syýasatçynyň sözlerine görä, Amerikada ýene-de umyt peýda boldy.

Trampyň tarapdarlary onuň ýeňşini Nýu-Ýorkda şatlyk-şowhunly tans bilen garşyladylar diýip, MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Tramp wezipelere belledi
Tramp “Ýylyň adamy” boldy
ABŞ-da saýlaw: näme üçin sişenbe güni geçirilýär?
ABŞ-da Saýlaw Bäsleşiginde Tramp Öňde Barýar
Kamala Harris Ýeňilendigini Boýun Aldy
Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň 47-nji prezidentligine saýlanyldy