CIVICUS: Türkmenistan we Özbegistan “ýapyk” ýurtlar bolup durýar

Ýer togalagynyň ilatynyň diňe 3 prosenti parahatçylykly ýygananyşmak, birleşmek, pikir aýtmak azatlyklary baradaky hukuklaryň berjaý edilýän ýurtlarynda ýaşaýar diýip, CIVICUS guramasynyň barlagçylarynyň 4-nji aprelde birinji gezek dünýäniň ähli ýurtlarynda raýat jemgyýetleriniň ýagdaýy barada “CIVICUS Monitor” inisiatiwasynyň çäginde çap eden statistiki maglumatlarynda aýdylýar.

CIVICUS dünýäniň 106 ýurdunda, BMG-a agza döwletleriň ýarysyndan gowragynda, şolara girýän Merkezi Aziýa döwletlerinde we ozalky SSSR-iň beýleki ýurtlarynyň aglabasynda raýat jemgyýeti babatynda gödek düzgün bozmalara ýol berilýändigini anyklady.

2017-nji ýylyň başyndan bäri Adam hukuklary baradaky halkra partnýorlugy (AHHP) we onuň merkezi aziýaly partnýorlary “CIVICUS Monitora” bu sebitdäki ýagdaý barada maglumat berýär.Bu meselede AHHP-nyň partnýorlary Gazagystanyň halkara adam hukuklary we kanunçylygy berjaý etmek býurosy, (Gazagystan boýunça), “Ligal prosperiti” jemgyýetçilik fondy (Gyrgyzystan boýunça), “Nota Bene” jemgyýetçilik fondy (Täjigistan boýunça), Adam hukuklary baradaky Türkmen inisiatiwasy (Türkmenistan boýunça), “Merkezi Aziýada adam hukuklary” assosiasiýasy (Özbegistan boýunça), şeýle-de Merkezi Aziýadaky beýleki hukuk goraýjy guramalar we hukuk goraýjylar bolup durýar.

“Biz maksady bütin dünýäde raýat jemgyýetiniň ýagdaýyny yzarlamak we oňa baha bermek bolan global inisiatiwanyň bir bölegi bolanymyza şat” diýip, AHHP-nyň direktory Brižit Dýufor aýtdy. “Şu günki günde, raýat jemgyýetiniň ýaşamagy üçin zerur bolan şertleriniň diňe bir Merkezi Aziýada däl, ozalky SSSR-iň beýleki ýurtlarynda, dünýäniň başga böleklerinde hem ýaramazlaşýan halatynda, bu howsalaly tendensiýa garşy durmak tagallarynda hemme wagtdakysyndan beter bileleşip hereket etmek gerek” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“CIVICUS Monitoryň” çäginde, bu ýurtlaryň häkimiýetleriniň bilelikde hereket etmek we üýtgeşiklik gazanmak mümkinçiligini berýän üç esasy azatlygyň birleşmek azatlygynyň, parahataçylykly ýygnak geçirmek we pikir aýtmak azatlyklarynyň düzgünlerini näderejede saklaýandygyndan ugur alyp, dürli ýurtlaryň raýat jemgyýetiniň ýagdaýyna baha berilýär.

CIVICUSyň bahalaryna görä, dünýäniň 195 ýurdunyň 20-sinde raýat jemgyýeti üçin zerur giňişlik dolulygyna ýapyk, bu gorky we zorluk atmosferasyny, şeýle-de häkimiýet bilen ylalaşmazlyga het edýän adamlaryň gazaply jezalandyrylmagyny aňladýar.

Dünýäniň 35 ýurdundaky ýagdaý raýat jemgyýeti üçin repressiw häsiýetli hasaplanýar. 51 ýurtda raýat jemgyýetiniň ýaşamagy üçin düýpli päsgelçilikler bar, 63 ýurtda bolsa raýat jemgyýetiniň şertleri çäklendirilen.Diňe 26 ýurt açyk ýurt hökmünde häsiýetlendirilýär.

Bu ýurtlarda häkimiýetler raýat jemgyýetiniň mümkinçiliklerini we şertlerini goraýarlar we dialog üçin platforma berýärler.Ortaça, raýat jemgyýetine has açyk meýdan berýän ýurtlar adam ösüşi indeksinde has ýokary görkezijä, has gowy Jini koeffisiýentine eýe bolýar, saýlawly demokratiýada has gowy netijeleri bolýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, CIVICUS-yň berýän bahalaryna laýyklykda, Türkmenistan we Özbegistan “ýapyk” ýurt bolup durýar, Täjigitsan “repressiw” ýurt, Gazagystan we Gyrgyzystan raýat jemgyýetine “päsgelçilikli” ýurtlar bolup durýar.

Ozalky Sowet Soýuzynyň galan ýurtlary hem, Estoniýa bilen Latwiýany almasaň, raýat jemgyýeti meselesinde azat däl ýurtlar bolup durýar: Russiýa, Azerbaýjan we Belarus “repressiw” hasaplanýar, Ermenistan, Moldowa we Ukraina raýat jemgyýetine “päsgelçilik döredýär”, Gürjüstan bilen Litwada bolsa, raýat jemgyýeti üçin meýdan “çäklendirilen”.

Birleşmek azatlygyny, parahatçylykly ýygnak geçirmek we açyk pikir aýtmak azatlyklaryny bozmak Ýewropanyň çäginden daşardaky ýurtlar bilen-de çäklenmeýär. “CIVICUS Monitoryň” berýän bahalaryna görä, ÝB-ä agza bolan häzirki 28 döwletden diňe 14-sinde raýat jemgyýeti üçin açyk meýdan bar. Ýewropa Bileleşigine girmäge kandidat bolan Türkiýä, Russiýa, Azerbaýjan, Belarus we Täjigistan ýaly (“repressiw”) baha berildi.

Mundanam başga, Türkiýe raýat jemgyýeti üçin ýagdaýyň çalt we düýpli ýaramazlaşýan ýeri hökmünde gözegçilik edilýän ýurlaryň sanawyna hem girizildi.

CIVICUS tarapyndan düzüzlen sanawa girizilen beýleki ýurtlaryň arasynda ABŞ, Makedoniýa, Kamerun we Mýanma hem bar.

“CIVICUS Monitoryň” grafiki şekildäki maglumatlaryny görmek üçin şu ýere basyň. Reýtingleriň beýanyny şu ýerden görüp bilersiňiz.

“CIVICUS Monitor” dürli ýurtlarda raýat jemgyýetiniň wekillerine edilýän hüjümler barada hemişe täze maglumatlary çap edip durýar. “CIVICUS Monitor” saýtynda soňky dört aýda çap edilen 500 çemesi habaryň analizi esasynda aşakdaky netijeler çykaryldy:

● Aktiwistleriň saklanmagy, protest aksiýalaryna garşy aşa güýç ulanylmagy we žurnalistlere hüjüm edilmegi raýat azatlyklarynyň bozulmagynyň has giň ýaýran üç görnüşi bolup durýar.● Aktiwistler köplenç esasan häkimiýetleri tankytlamak, adam hukuklaryna gözegçilik etmek ýa-da sosial we ykdysady zerurlyklar baradaky talaplaryň kanagatlandyrylmagyny soramak bilen baglylykda tutulyp saklandy. ● Aşa güýç köplenç ýagdaýda esasan protest aksiýalaryna gatnaşýan, häkimiýetleriň kararlaryny ýa-da korrupsiýany tankytlaýan, adam hukuklarynyň bozulmagy bilen baglylykda herekete çagyrýan ýa-da esasy sosial we ykdysady hajatlaryň kanagatlandyrylmagyny soraýan adamlara garşy ulanyldy.● Žurnalistlere köplenç esasan syýasy wakalaryň, protest aksiýalarynyň ýa-da konfliktleriň beýan edilmegi, şeýle-de olaryň etniki ýa-da jynsy gelip çykyşy, dini ýa-da syýasy garaýyşlary bilen baglylykda hüjüm edildi.● Žurnalistlere koplenç döwletden aýry subýektler hüjüm etse-de, koplenç ýagdaýda düzgün bozujy döwlet bolup durýar we bu hili jenaýatlaryň aglabasy jezlandyrylman galýar.

“CIVICUS Monitoryň” saýtynda Merkezi Aziýadaky ýagdaý barada çap edilen habarlar AHHP-nyň we onuň partnýorlarynyň maglumatlary esasynda bolup, olarda ýokardakylar düzgün bozmalar, şeýle-de bu regionda golaýda bolan aladaly wakalar (bu ýurtlar baradaky maglumatlary şu salgydan tapyp bolar: ttps://monitor.civicus.org/newsfeed/) beýan edilýär.

“CIVICUS Monitor” tarapyndan dürli ýurtlardaky ýagdaýlara berlen bahalar raýat jemgyýetiniň ýerli guramalarynyň aktiwistleriniň maglumatlaryna, regional ekspertleriň we hyzmatdaşlaryň analizlerine, raýat jemgyýetiniň milli we halkara guramalarynyň beren bahalaryna we maglumatlaryna, ulanyjylar, şeýle-de habar serişdeleri tarapyndan berlen maglumatlara esaslanýar.

Indi “CIVICUS Monitor” BMG-nyň agza döwletleriniň ählisine yzygiderli reýting berip, dürli ýurtlardaky ýagdaýy derňeýän ýigrimi ýurtdaky partnýorlardan, şol sanda AHHP-dan we onuň Merkezi Aziýadaky partnýorlaryndan alnan maglumatlar esasynda bu ýurtlardaky hakyky ýagdaý barada yzygiderli informasiýa çap eder.

Ýene degişli makalalar

ÝB-niň wekilleri hökümet bilen krizisdäki Türkmenistanyň adam hukuklary ýagdaýyny maslahatlaşdy
USAID Aşgabatda hakaton ýaryşyny geçirýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow logistika merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär
Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär
“Samsung” täze “akylly” smartfonyny tanyşdyrdy