City Business School üstünlikli satuwyň guraly hökmünde karz mowzugyna bagyşlanan işewürlik ertirligine çagyrýar

City Business School üstünlikli satuwyň guraly hökmünde karz mowzugyna bagyşlanan işewürlik ertirligine çagyrýar

City Business School işewürlik mekdebi Kompaniýanyň karz syýasatynyň hasabyna täsirli satuwlar mowzugy boýunça işewürlik ertirliginiň geçirilýändigini habar berýär, oňa ähli isleg bildirýänler gatnaşyp bilerler.

Duşuşygyň çäklerinde satuwyň möçberlerini ýokarlandyrmagyň strategiýasy we takstikasy, täsirli karz syýasatyna bolan talap, karz şertlerini differensiasiýalaşdyrmak maksady bilen alyjylaryň karz sanawyny (reýtingini) emele getirmek bilen baglanyşykly, şeýle hem haýsy ýagdaýlarda täsirli karz tehnologiýalaryna ýüz tutmalydygyna bagyşlanan meselelere garalar.

Çärede aýdyljak maglumatlar buhgalterler, maliýe işgärleri, şeýle hem hususy işewürler we satuw boýunça dolandyryjylar (menejerler) üçin örän peýdaly bolup biler.

Çäräniň alypbaryjysy hökmünde köp sanly taslamalaryň we iri kompaniýalaryň öňdebaryjy maliýe işgäri, Türkmenistanyň çäginde Maliýe hasabatlylygynyň halkara standarty boýunça okuw maksatnamasyny esaslandyryjy, maliýe ulgamynda örän uly nazary we amaly tejribä eýe bolan Bahram Gandymow çykyş eder.

Işewürlik ertirligi 7-nji iýulda sagat 11:00-da Üzüm kafesinde geçiriler: Aşgabat, Çary Baýryýew köç., 13 (öňki Mežlauka), Ak Altyn myhmanhanasynyň golaýy.

Girişiň bahasy 250 manat. Işewürlik ertirligine gatnaşmak üçin salgy boýunça ýa-da (+993 63) 41 51 78 telefon belgisi boýunça öňünden ýazylmak zerurdyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmen talyplary Kazan şäherinde geçirilen Tomusky uniwersitet taslamasyna gatnaşdylar
Hökümet suwsuz kösenýän paýtagty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin täze desga gurmakçy
Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanda şahamça açar
Arkadag şäherine bagyşlanan mediaforum geçirildi
Kakaonyň bahasy soňky ýedi ýylda iň ýokary derejä ýetdi
Türkmenistanyň ilçisi bilen Hytaý ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi